Iň täze habarlar

Aşgabat — Gökdepe ugrunda ulag hereketine 12-nji iýundan wagtlaýyn çäklendirme giriziler

11.06.2025 | 19:30 |
 Aşgabat — Gökdepe ugrunda ulag hereketine 12-nji iýundan wagtlaýyn çäklendirme giriziler

2025-nji ýylyň 12-nji iýunyndan başlap, Aşgabat — Gökdepe awtomobil ýolunyň bir böleginde gurluşyk we gurnama işleri sebäpli ulaglaryň hereketine wagtlaýyn çäklendirme giriziler. Bu barada şu günki “Türkmenistan” gazetiniň neşirinde çap edilen resmi bildirişde habar berilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komitetiniň we Arkadag şäher häkimliginiň beýanatyna laýyklykda, bu işler şäheriň binagärlik keşbini has-da gözelleşdirmek, ýol-ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak hem-de raýatlar we ýolagçylar üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen amala aşyrylýar.

Bildirişde şeýle diýilýär:

«Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ýollaryň durkuny täzeläp, raýatlara we ýolagçylara amatly, döwrebap şertleri döretmek üçin Aşgabat — Gökdepe aralygyndaky gatnawly ýolda gurluşyk-gurnama işlerini geçirmek zerurlygy ýüze çykýar. 2025-nji ýylyň 12-nji iýunyndan başlap, gurluşyk-gurnama işleri tamamlanýança, ýokarda görkezilen ýolda gatnawlaryň wagtlaýyn çäklendirilýändigini habar berýäris. Raýatlaryň bähbidine gönükdirilen bejeriş-abatlaýyş işleriniň geçirilmegi we ýollaryň durkunyň düýpli abadanlaşdyrylmagy ýolagçylar üçin ählitaraplaýyn amatlyklary üpjün eder».

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: