Iň täze habarlar

Konsullyk meseleleri boýunça Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda maslahat geçirildi

13.06.2025 | 13:00 |
 Konsullyk meseleleri boýunça Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 11-nji iýunynda Ýerewan şäherinde Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda konsullyk meseleleri boýunça maslahatlar iki döwletiň ygtyýarly edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministrliginiň konsullygy departamentiniň başlygy Döwletmurat Muratow ýolbaşçylyk etdi. Ermeni wekiliýetine Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk departamentiniň başlygy Artur Petrosýan ýolbaşçylyk etdi. Konstruktiw we dostlukly ýagdaýda geçirilen maslahatlaryň dowamynda taraplar konsullyk pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Aýry-aýry adamlaryň we edara görnüşli taraplaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramaga, raýatlyk meselelerine, şeýle hem iki ýurduň raýatlarynyň özara syýahat etmegiň şertlerine aýratyn üns berildi. Duşuşykdan soň taraplar degişli teswirnama gol çekdiler we konsullyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: