LLDC3-iň çäginde Awazada Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň hususy pudagynyň forumy geçiriler
12.06.2025 | 20:55 |BMG-niň iň az ösen ýurtlar, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar we kiçi ada ösüp barýan döwletler boýunça Ýokary wekiliň kanselýariýasy we Halkara söwda merkezi Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň hususy pudagynyň forumy geçiriler.
BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatynyň (LLDC3) ýörite çäreleriniň biri hökmünde guraljak forum, 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.
Forum, BMG-niň 193 sany doly hukukly agza ýurduň döwlet we hökümet baştutanlaryny çagyrmak üçin her on ýylda bir gezek geçirilýän, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň maslahatynda hökümetlere teklipleri bermäge şeýle hem halkara guramalar we beýleki gyzyklanýan taraplar, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ösüş ugurlary boýunça üçin geljek onýyllygyň ösüş meýilnamasyny kesgitlemek üçin mümkinçilik berýär.
Forumda ýokary derejeli çykyş edýän wekilleriň gatnaşmagyndaky maksatnama, tematik sessiýalar, ugurdaş çäreler, şeýle hem tor we sergi zolaglary göz öňünde tutulýar. Söwda, tehnologiýalar, infrastruktura we maýa goýumlar boýunça çekişmeler hem-de esasy çäreler pes girdejili ýurtlaryň durnukly ösüşini goldamak maksady bilen guralar.
“Söwda we üstaşyr” atly birinji tematiki sessiýada Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto De Prettonyň çykyşy bolar.
Çeşme: IRU