Aşgabadyñ halkara howa menzilinde ýolagçylar üçin dynç alyş maksatly media platforma işe girizildi
12.06.2025 | 17:10 |Aşgabadyñ halkara howa menzilinde täze maglumat-dynç alyş ulgamy ornaşdyryldy, ol içerki Wi-Fi ulgamy arkaly elýeterlidir. Bu başlangyç Türkmenistanyň ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak çäresiniň çäklerinde durmuşa geçirilýär. Bu barada "Türkmenhowaýollary" agentligi habar berýär.
Ýolagçylar ykjam enjamlar, planşetler we noutbuklar arkaly dürli multimedia mazmunlaryna — kinolara, sazlara we elektron neşirlere — girip bilerler. Ulgam Türkmenistana bagyşlanan çeper we dokumental filmler bilen tanyşmaga, dürli žanrdaky aýdymlary diňlemäge hem-de elektron görnüşdäki metbugaty neşirlerini okamaga mümkinçilik berýär.
Bu taslama milli awiakompaniýanyň halkara uçar gatnawlarynda eýýäm hereket edýän şuňa meňzeş ulgamynyň dowamy boldy. Ol ýerde ýolagçylara ýokary derejeli sanly amatlyklar üpjün edilýär.
Geljekde platformanyň mümkinçiliklerini giňeltmek we mediakontenti yzygiderli täzelemek meýilleşdirilýär.
ORIENT