Tomusky dynç alyşda bolýan çagalaryň arasynda sanly sport boýunça merkezara ýaryşlar geçirildi
13.06.2025 | 18:10 |Şu günler ýurdumyzda dowam edýän tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we welaýatlarda hereket edýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde göwnejaý dynç alyp wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Dynç alýan çagalaryň arasynda dürli görnüşli sport ýaryşlary, türkmen milli oýunlary boýunça bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.
Şeýle sport ýaryşlarynyň biri hem Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Energohyzmat” döwlet birleşiginiň Gökderedäki “Çynar” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde geçirildi. Bu merkezde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde guramagynda sanly sport boýunça merkezara toparlaýyn ýaryş geçirildi.
Sanly sport boýunça geçirilen merkezara toparlaýyn ýaryşa Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň ählisinden sanly sportuň görnüşleri bilen meşgullanmaga höwesli çagalardan düzülen toparlar gatnaşdylar. Sanly sport boýunça geçirilen merkezara ýaryşda ýeňiş gazanmaga höwesli çagalaryň görkezen netijeleri guwandyryjy boldy. Ýaryşyň netijeleri boýunça “Ýaşlyk”, “Çynar”, “Çeşme”, “Nesil”, “Altyn damja”, “Nesil”, “Şöhle” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinden gatnaşan toparlar ýeňiji diýlip yglan edildi we olara Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Ýaryşyň dowamynda tanymal türgenleriň görkezen sport-görkezme çykyşlary, merkezlerde dynç alýan çagalardan düzülen döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary merkezara ýaryşa aýratyn joşgun berdi.
ORIENT