Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi oturdylan Kiýewiň seýilgähe wirtual gezelenç
26.06.2025 | 00:20 |Ukrainanyň paýtagty Kiýewiň merkezinde, Türkmenistanyň Ilçihanasynyň golaýynda ajaýyp seýilgäh ýerleşip, onuň çäginde görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi oturdylandyr. Bu ýadygärlik eýýäm iki onýyllygyň dowamynda türkmen medeniýetine we edebiýatyna özboluşly gyzyklanmanyň şeýle hem Türkmenistanyň we Ukrainanyň halklarynyň arasynda dostlugyň we birek-birege hormat goýmagyň nyşanydyr.
Indi, Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen her bir gyzyklanýan adamlar bu ajaýyp seýilgähde wirtual “3D” gezelenç edip bilerler. “Google Map” programmasynyň kömegi bilen internet ulanyjylar dünýäniň islendik ýerinden beýik şahyryň ýadygärligini hut özleri görüp bilerler.
Bu taslama, her ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda işe girizildi.
Ýylyň bu pasylynda seýilgähiň gözelligine aýratyn öwüşgin berýän Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň nyşany şekilinde oturdylan gülleriň aýratyn owadanlygy bellärliklidir. Bu ajaýyp işler ýurduň milli nyşanlaryna çuňňur hormat goýmagyň alamaty bolup, iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary nygtaýar.
“3D” arkaly gezelenç şu salgyda elýeterlidir.