Xiaomi özüniñ esasy täzeliklerini hödürledi: elektromobillerden başlap AI-enjamlaryna çenli
28.06.2025 | 18:00 |Hytaýda Xiaomi kompaniýasy giň gerimli çäre geçirip, öz ekoulgamynyň ösüşini açyp görkezýän innowasion enjamlarynyň giň toplumyny hödürledi. Täze önümleriň arasynda ilkinji elektrik ýolagçy awtoulagy, täze smartfonlar, planşetler we emeli aňly göterilýän enjamlar bar.
Çäräniň esasy wakasy — orta ölçegdäki elektrik krossower Xiaomi YU7 modeliniñ tanyşdyrylmagy boldy. Bu ulagyň uzynlygy 4999 mm, tigir bazasy bolsa 3000 mm-e barabar. Model 9 dürli reňkde hödürlenýär. Esasy wersiýasy yzky hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylyp, 96,3 kWt·s kuwwatly LFP batareýasyny aldy. Bu model CLTC standartyna görä 835 km ýol geçip bilýär. 100 km/s tizlige bary-ýogy 5,88 sekuntda ýetýär. Pro we Max wersiýalarynda doly hereketlendiriji ulgam we degişlilikde 365 kWt hem-de 508 kWt kuwwatly motorlar bar. Kuwwatly NMC batareýasy (101,7 kWt·s) bilen üpjün edilen Max wersiýasy 100 km/s tizlige bary-ýogy 3,23 sekuntda ýetýär.
Beýleki möhüm täzelikleriň arasynda şu ýyl kompaniýanyň ýeke-täk eplenilýän smartfony bolan Xiaomi Mix Flip 2 görkezildi. Bu enjam Snapdragon 8 Elite prosessor we 6,85 dýuýmlyk 1.5K OLED ekrany bilen üpjün edildi.
Planşetleriň hataryna güýçli Xring O1 prosessorly, 144 Hz täzelenme ýygylygy bolan 12,5 dýuýmlyk 3.2K ekrany we 120 W tiz zarýad alýan 12 160 mA·s batareýasy bilen Xiaomi Pad 7S Pro goşuldy. Şeýle hem oýun üçin niýetlenen kiçi planşet Redmi K Pad we Redmi K80 Ultra smartfony hödürlenildi, olaryň ikisi hem Dimensity 9400 Plus prosessorlarynda işleýär.
Xiaomi giňeldilen ekoulgamyna bolan garaýşyny görkezmek bilen, emeli aňly täze göterilýän enjamlaryny hem tanyşdyrdy. Olaryň arasynda Xiaomi AI äýnekleri, Open Earphones Pro gulaklyklary, Band 10 fitnes-trekeri we Watch S4 (41 mm) sagatlary bar.
ORIENT