Google Täze Material 3 Expressive dizaýny bilen «Telefon» programmasyny täzeleýär
26.06.2025 | 14:15 |Google, «Telefon» programmasyna täze Material 3 Expressive dizaýnyny ornaşdyrmaga başlady. Bu täzelenme nawigasiýany we kontaktlary gözlemäni has ýönekeýleşdirmäge gönükdirilendir. Täze dizaýn häzirki wagtda beta synagçylary üçin elýeterli bolup başlady.
Esasy üýtgeşmeler üç esasy bölümi öz içine alýan täzeden işlenilen aşaky menu panelini öz içine alýar: «Baş sahypa», «Klawitura» we «Sesli poçta». «Halananlar» indi «Baş sahypa» bölüminde ýerleşýär. Jaň ýazgylary indi her bir jaňy aýratyn ýazgy hökmünde görkezýär. Şeýle hem jaňa jogap bermek ýa-da ony ýatyrmak üçin täze herekete – çepe ýa-da saga süýşürme hereketine synag geçirilýär.
Giň gerimli dizaýn täzelenişine sentýabr aýynda garaşylýar. Şol wagt Pixel smartfonlary üçin kontaktlar barada giňişleýin maglumat berýän Pixel VIP atly widjet hem peýda bolar. 2025-nji ýylyñ iýun aýynda çykarylan Android-iň on altynjy wersiýasy bolsa bu üýtgeşmeleri häzirlikçe öz içine almaýar.
ORIENT