Iň täze habarlar

TDU-da “akylly” Arkadag şäheriniň ikinji ýyllygy we “Arkadag” ýyldyzynyň açylyşy bellenildi

28.06.2025 | 16:30 |
 TDU-da “akylly” Arkadag şäheriniň ikinji ýyllygy we “Arkadag” ýyldyzynyň açylyşy bellenildi

27-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “akylly” Arkadag şäheriniň gurulmagynyň we ulanylmaga berilmeginiň ikinji ýyllygyna, şeýle hem 2024-nji ýylda “Kosmos-Zemin” jemgyýetiniň alymlary tarapyndan “Arkadag” diýip atlandyrylan ýyldyzyň açylyşyna bagyşlanan baýramçylyk maslahaty geçirildi.

Maslahata gatnaşan uniwersitetiň mugallymlary we astronom talyplary “akylly” Arkadag şäheriniñ taryhy ähmiýeti barada belläp geçdiler. Şäher türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň maksatnamasy esasynda gurlup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň halkara derejesinde takmynan 25 sany şahadatnamalary, minnetdarlyk hatlaryny we baýraklaryny alandygy buýsanç bilen nygtaldy.

Baýramçylyk maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyñ Bilim ministrligi tarapyndan guralan Abu Reýhan Biruni adyndaky astronomiýa olimpiadasynda üstünlik gazanan ýokary synp okuwçylaryna we talyplara ýadygärlik sowgatlary we diplomlar gowşuryldy.

Şeýle hem "Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşiginde birinji derejeli diplom, döş nyşany we kubok bilen sylaglanan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby ýadygärlik sowgadyna mynasyp boldy.

Uniwersitetiň çäginde tematiki kitaplaryň, halk amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, talyplaryň taslama, dürli desgalary we oýlap tapyşlar bäsleşiklerinde gazanan üstünlikleriniň sergisi guraldy. Aýdymçylar bilen dutarçylaryň çykyşlary baýramçylyk ruhuny has-da artdyrdy.

ORIENT

Foto: bilim.tm

Şeýle hem okaň: