Iň täze habarlar

Lazer trekerleri senagat robotlarynyň takyklygyny ep-esli ýokarlandyrýar

27.06.2025 | 16:30 |
 Lazer trekerleri senagat robotlarynyň takyklygyny ep-esli ýokarlandyrýar

Nottingem uniwersitetiniň alymlarynyň Tech Xplore neşirinde çap edilen täze barlaglaryna görä, lazer trekerleriniň senagat robotlary üçin düýpgöter täze täsiriniň bardygy tassyklanyldy. Bu enjamlar diňe bir ýerleşişiň takyklygyny ep-esli ýokarlandyrman, eýsem kärhanalaryň iş çykdajylaryny hem azaltmaga kömek edýär.

Alymlar lazer trekerleriniň robot manipulýatorynyň eli üçin takyk üç ölçegli ýerleşişi üpjün edýändigini ýüze çykardylar. Bu bolsa mehaniki işleýşe sezewar bolan enjamlar üçin olaryñ hereketlendiriji duýgurlygyny ýokarlandyrmakda örän möhüm bolup durýar (örän kiçi aralyklarda hereket etmäge ukyply).

Synaglaryň netijesinde, lazer trekerleriniň adaty dolandyryjylar bilen deňeşdirilende ýerleşiş takyklygyny 82% ýokarlandyrýandygy görkezildi. Bu bolsa kärhanalara köne robotlaryň hyzmat möhletini uzaltmak, önümçilik kemçiliklerini azaltmak we çykdajylary tygşytlamak ýaly artykmaçlyklar berýär.

Barlaglaryň awtorlarynyň bellemegine görä, lazer trekerli robotlar ýük daşamak, gözegçilik-ölçeg işleri we goşmaça önümçilik (3D çap) ýaly ugurlarda aýratyn peýdaly bolup biler.

ORIENT

Foto: Unsplash

Şeýle hem okaň: