Iň täze habarlar

Wýetnamda tomus: Le.Travel bilen syýahatlara ýazylşyk başlandy

28.06.2025 | 13:05 |
 Wýetnamda tomus: Le.Travel bilen syýahatlara ýazylşyk başlandy

Le.Travel syýahatçylyk kompaniýasy Wýetnama tomusky syýahatlara toparlar üçin ýazylşygyñ başlandygyny habar berýär. Syýahatlar üçin iki döwür hödürlenýär: 15–24-nji iýul hem-de 5–14-nji awgust aralygy.

Syýahat maksatnamasyna Aşgabatdan Hoşimin şäherine uçuş, Wýetnamyň iň gowy dynç alyş ýerleriniň biri bolan — gözel Nýaçang kenarynda dynç alyş girýär. Myhmanlara umumy tanyşdyryş gezelençleri, söwda etmek mümkinçilikleri we özboluşly Aziýa medeniýeti bilen tanyşlyk garaşýar.

Syýahatyñ bahasyna aşakdakylar girýär:

Myhmanhanalarda ýaşaýyş

Ähli ulag geçirilişleri

Wiza goldawy

Gezelenç hyzmatlary

Syýahata gatnaşyjylara aşakdakylar garaşýar:

Hakyky Aziýa tagamlary

Rus dilinde gürleýän professional ýolbeletler

Syýahatyň ähli tapgyrlarynda doly hyzmat we goldaw

Syýahatyň doly maksatnamasy bilen Le.Travel kompaniýasynyñ iş edarasynda tanyşyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin telefon: (+99363) 17-55-57

TikTok: @le._travel.tm

Instagram: @le.travel.tm

ORIENT

Foto: Vietnam.vn

Şeýle hem okaň: