Iň täze habarlar

Türkmenistan we Germaniýa: ÝB-niñ taslamasynyň çäginde "ýaşyl" ösüş boýunça hyzmatdaşlyk

26.06.2025 | 14:50 |
 Türkmenistan we Germaniýa: ÝB-niñ taslamasynyň çäginde "ýaşyl" ösüş boýunça hyzmatdaşlyk

23-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Energetika ministrliginiň we Döwlet energetika institutynyň wekillerini öz içine alýan türkmen wekiliýeti tanyşlyk sapary bilen Germaniýa Federatiw Respublikasyna geldi. Bir hepdelik bu sapar 28-nji iýuna çenli dowam eder we “Türkmenistanda ýaşyl ösüş üçin Ýewropa Bileleşigi: 2024–2028 -nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegine garşy çäreler” atly esasy taslamanyň çäginde Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) tarapyndan gurnaldy.

Saparyň esasy maksady — 2024-nji ýylyň 14-nji maýynda gol çekilen özara düşünişmek baradaky Ähtnama esaslanyp, Türkmenistanyň Energetika ministrligi, “Türkmengaz” Döwlet konserni we GIZ arasynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakdyr.

Bu taslama Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanyň “ýaşyl” ykdysadyýetini ösdürmäge goşandy bolup, Türkmenistanyň we Ýewropanyň ylmy-barlag merkezleriniñ hem-de ýokary okuw mekdepleriniň arasynda durnukly ösüş ugrundaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. Saparyň esasy mazmuny özara bähbitli hyzmatdaşlygy güýçlendirmekden we ylmy-bilim ulgamynda tejribe alyşmakdan ybaratdyr. Hususan-da, hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Germaniýanyň Klausdal Tehniki Uniwersiteti we Martin Lýuter adyndaky Halle-Wittenberg Uniwersiteti ýaly öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen ylmy barlaglar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin geljekki özara düşünişmek barada Ähtnamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy meýilleşdirilýär.

Bu ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygyň möhüm wezipesi öňdebaryjy ýaşyl tehnologiýalaryň öwrenilmeginde tagallalary birleşdirmekdir. Bu bolsa uglerod zyňyndylarynyň azaldylmagyny, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösdürilmegini, energiýa netijeliliginiñ ýokarlandyrylmagyny we Türkmenistanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň howa şertleri boýunça maksatlaryna ýetmegine ýardam berýän durnukly ekologiýa çözgütleriniň işlenip düzülmegini öz içine alýar.

Saparyň ilkinji günlerinde türkmen wekiliýeti birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi. Germaniýanyň Daşary işler federal ministrliginiñ wekilleri (Auswärtiges Amt) bilen geçirilen duşuşykda halkara energetika howpsuzlygy, durnukly ösüş we energetika hyzmatdaşlygynyň strategiýasy boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Germaniýanyň Ykdysadyýet we Howanyň üýtgemegine garşy göreş federal ministrliginde (Bundesministerium für Wirtschaft und Klimaschutz) taraplar gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň mümkinçilikleri, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we energetika pudagynda innowasion çözgütler barada pikir alyşdylar.

Günüň ikinji ýarymynda wekiliýet Germaniýanyň Ylym, tehnologiýa we kosmos federal ministrligine (Bundesministerium für Forschung, Technologie und Raumfahrt — BMFTR) baryp gördi. Bu ýerde ýokary bilim ulgamyndaky döwlet syýasaty, energetika we ekologiýa ugurlaryndaky ylmy-barlaglaryň maliýeleşdirilmegi, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça akademiki alyş-çalyş maksatnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna tanyşlyk iş sapary dowam edýär. Bu sapar durnukly we ekologiýa taýdan ugrukdyrylan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine bolan ikitaraplaýyn ygrarlylygyň nobatdaky subutnamasydyr.

ORIENT

Foto: bilim.tm

Şeýle hem okaň: