Ýyldyzlar baýramçylyk konsertine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldiler
28.06.2025 | 20:20 |Türkmenistanda Arkadag şäheriniň ikinji ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konserti geçiriler. Dabaraly çärä gatnaşmak üçin daşary ýurtly estrada aýdymçylary geldiler.
Myhmanlaryň arasynda Başgyrdystandan gelen Adel Şaihitdinowa hem bar, ol "Ay Yola" topary bilen bilelikde çykyş edýär. Ol “Ural batyr” albomyndaky “Homay” atly aýdymy bilen giňden tanalyp başlandy.
Bu aýdym başgyrt däp-dessurlaryna we häzirki zaman elektron saz bezeglerine esaslanyp döredildi hem-de sanly platformalarda millionlarça gezek diňlenip, hakykatdan hem meşhur aýdym eserine öwrüldi. 2025-nji ýylyň mart aýynda “Homay” Shazam platformasynyň beren görkezijilerine görä iň meşhur bäş aýdymyň hataryna girdi.
Şeýle hem, Türkmenistana Tatarystanyñ meşhur aýdymçysy Elmira Ksenofontowa geldi. Ol halkara sahnalarda tatar medeniýetini giñden tanadýar. Ol dürli aýdym-saz festiwallaryna we bäsleşiklerine gatnaşmagy, şeýle hem tatar estradasyny we halk aýdym sungatyny ösdürmegi bilen tanalýar.
ORIENT