Türkmenistanyň çäginde seýrek haýwan görnüşi hasaba alyndy
02.07.2025 | 16:30 |Garabogazgöl aýlagynyň töwereklerinde ýitmek howpy abanýan seýrek ýabany pişikleriň görnüşi bolan garagulagyň çagasynyň foto suratlary düşürildi. Şeýle foto duzaklaryň toplumy Türkmenistanyň çäginde Şotlandiýanyň Patyşalyk zoologiýa jemgyýeti hem-de Bars Turkmenistan of Conservation X Labs tebigaty goramak jemgyýeti tarapyndan gurnaldy.
Türkmenistanda garagulaga ýitip barýan haýwan görnüşleriniň derejesi berilendir. Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 2011-nji ýyldaky neşiriniň maglumatlaryna görä, 2000-nji ýylda garagulagyň sany 300-400-e deňdi, şol wagtdan bäri möhüm üýtgeşmeler hasaba alynmady.
Garagulagyň ýaşaýan ýerleri ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny öz içine alýar. Köplenç bu jandara sazak we çerkez jeňňeliklerinde, pisse tokaýlarynda, derýalaryň jülgelerinde we çöllerde duş gelmek bolýar. Garagulak açyk we otsuz düzlüklerden gaça durýar.
Garagulagyň çagasynyň foto kamera düşmegi Türkmenistanda bu jandarlaryň saklanyp galýandygynyň seýrek we örän möhüm subutnamasy boldy.