Astanada geçirilýän Aziýa çempionatynda türkmen agyr atletikaçylary ýene alty medal gazandylar
09.07.2025 | 12:02 |Ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň dördünji gününde türkmen türgenleri ýygyndy toparymyzyň hasabyny ýene alty medal bilen doldylar. Ýaryş 7-nji iýula çenli dowam etdi.
Ýaşlaryň arasynda 79 çenli kg agram derejesinde çykyş eden Didarbek Jumabaýew birbada üç sany kümüş medal gazandy. Ol batly galdyrmak ugrunda 138 kg, itip galdyrmakda bolsa 174 kg çenli agramy göterip, jemi 312 kg netije bilen ikinji ýere mynasyp boldy.
Ýaş gyzlaryň arasynda 63 kg çenli agram derejesinde Medina Amanowa ýygyndy toparymyza üç bürünç medalyny getirdi. Ol batly galdyrmak ugrunda 88 kg, itip galdyrmakda bolsa 110 kg göterip, umumylykda 198 kg galdyrmagy başardy.
Çempionatyň dört gününiň netijesinde Türkmenistanyň ýygyndy topary umumy topar hasabynda ýaşlaryň arasynda 8-nji ýeri (4 kümüş we 5 bürünç medallary) hem-de ýetginjekleriň arasynda 10-njy ýeri (3 bürünç medal) eýeleýär.
ORIENT