AD Ports Group we Gazagystanyň demir ýollary GulfLink atly bilelikdäki kärhanany işe girizýär
10.07.2025 | 17:50 |Söwda, ulag we logistika ulgamy boýunça AD Ports Group (ADX: ADPORTS) öňdebaryjy halkara integrirlenen çözgütleriň üpjün edijisi 9-njy iýulda Merkezi Aziýada öz işiniň strategiýa taýdan giňeldilendigi barada habar berdi. Bu gerimli iş, BAE-niň Abu-Dabi we Gazagystanyň Astana şäherlerinde bilelikdäki GulfLink Ltd. logistika kärhanasynyň resmi açylyşy bilen başlandy. Bu kärhana Gazagystanyň demir ýollarynyň ýük daşamak boýunça bölümi bolan KTZ Express bilen bilelikde döredildi.
GulfLink bilelikdäki kärhanasynyň paýlarynyň 51%-i AD Ports Group-a, 49%-i bolsa Gazagystanyň demir ýollarynyň (Kazahstan Temir Žoly ýa-da KTŽ) multimodal ulag-logistika golçur kompaniýasy bolan “KTZ Express” paýdarlar jemgyýetine degişlidir. Bu täze hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýanyň logistika ulgamyny düýpgöter üýtgetmek maksadyny öz içine alýar. AD Ports Group bu sebitde, şol sanda Gazagystan, Özbegistan we Gruziýa ýaly ýurtlarda öz işini işjeň giňeldýär.
Strategik maksatlar we ýolbaşçylaryň beýanatlary
AD Ports Group-yň sebitleýin baş direktory Abdulaziz Zaýid Al-Şamsi Gazagystanda GulfLink-iň işe başlamagynyň möhümdigini belläp, ýurduň Merkezi Aziýada iň çalt ösýän ykdysadyýetleriň biridigini aýtdy. Ol şeýle diýdi:
“KTZ Express bilen bilelikde GulfLink kärhanamyzyň işe başlandygyny habar bermäge şatdyrys. Gazagystan biziň Merkezi Aziýa arkaly geçýän “Orta geçelge” ugruny döwrebaplaşdyrmak strategiýamyzda esasy baglanyşyk bolup durýar. Bu ýol Aziýa bilen Ýewropanyň önüm öndürijilerini we sarp edijilerini birleşdirýän Gündogar-ünbatar uly söwda damaryna öwrülmelidir. AD Ports Group Gazagystanda we sebitde giňişleýin gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga çalyşýar we global baglanyşyk arkaly ykdysady ösüşi höweslendirip, Gazagystanyň hem-de Merkezi Aziýanyň halklaryna peýda getirmegi maksat edinýär.”
GulfLink arkaly AD Ports Group we KTZ Express Merkezi Aziýada, şeýle hem global derejede – Pakistan, Türkiýe, Pars aýlagy we Hindistan subkontinenti arkaly täze ýük daşama mümkinçiliklerini hödürlär. GulfLink-iň esasy maksady halkara ulag geçelgelerini ösdürmek we Gazagystany dünýäniň logistika ulgamyna has doly goşmakdyr. Munuň üçin durnukly we netijeli üpjünçilik zynjyrlary dörediler.
KTZ Express-iň baş direktory we dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Damir Kožahmetow hem bu hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly şatlygyny şeýle beýan etdi:
“GulfLink bilen bilelikde Gazagystanda we Merkezi Aziýada global logistikanyň geljegini kemala getirmek mümkinçiligini mähir bilen garşy alýarys. Bu AD Ports Group bilen bilelikdäki batyrgaý we möhüm hyzmatdaşlyk Gazagystan üçin sebitleýin we global derejede täze baglanyşyk derejesini üpjün eder. Ol AD Ports Group-yň global serişdelerini we Gazagystanyň demir ýollarynyň sebitleýin mümkinçiliklerini ulanmak arkaly ulag infrastrukturasyny ösdürmäge we söwda akymlaryny giňeltmäge hyzmat eder.”
KTŽ-nyň orny we Gazagystanyň artykmaçlyklary
16 000 km uzynlygyndaky giň demir ýol ulgamy bilen, KTŽ Merkezi Aziýanyň iň uly we strategik taýdan möhüm döwlet demir ýol edaralarynyň biridir. Gazagystanda ýükleriň takmynan 70%-i demir ýol arkaly daşalýar. KTŽ ýurduň ähli möhüm halkara geçelgeleri boýunça – Ýewropa, Hytaý, Türkiýe we Kawkaz bilen baglanyşykda möhüm logistika elýeterliligini üpjün edýär.
GulfLink-iň baş direktory Kamal Guseýnow täze bilelikdäki kärhananyň ähmiýetini şeýle düşündirdi:
“GulfLink Gazagystany, Merkezi Aziýany we bütin dünýäni özara baglanyşdyrmakda möhüm orun tutar. Bu AD Ports Group bilen KTZ Express-iň gowulandyrylan arabaglanyşygy we birleşdirilen infrastruktura mümkinçilikleri hem-de Gazagystanyň geografik taýdan merkezi ýerleşişi arkaly amala aşyrylar. Biz müşderilerimize hyzmatdaşlygymyz, paýdarlarmyzyň logistika serişdeleri we netijelilik, innowasiýa, üznüksiz üpjünçilik zynjyrlaryna we optimizirlenen söwdamyza bolan ygrarlylygymyz arkaly goşmaça gymmatlyk hödürläris.”
Gazagystanyň geografik artykmaçlygyny peýdalanyp, GulfLink Merkezi Aziýa üçin esasy geçiş nokady hökmünde giň multimodal logistika ulgamyny döreder. Ol Ýewropa, Aziýa we beýleki sebitlere demir ýol, awtoulag, howa we deňiz ulag serişdeleri arkaly 360 graduslyk özara baglanyşygyny üpjün eder. GulfLink arkaly ýük daşamalar bar bolan we täze ösýän söwda geçelgeleri boýunça dürli ugurlar bilen amala aşyrylar.
Orta geçelgesini ösdürmek we AD Ports Group-yň maýa goýumlary
Şeýle hem, GulfLink AD Ports Group-yň Merkezi Aziýadaky strategiýasyny — ýagny Hytaý bilen Ýewropanyň arasyndaky iň gysga ýol bolan Orta geçelgesini uly söwda geçelgesine öwürmek tagallalaryny goldar. Bu bolsa sebitiň dünýä bilen baglanyşygyny güýçlendirip, ösüşe itergi berer.
AD Ports Group Orta geçelgesini ösdürmäge uly maýa goýýan kompaniýa bolup, diňe Gazagystana goýlan 775 million ABŞ dollary möçberindäki maýa goýum borçnamalaryny yglan etdi. Soňky üç ýylda bu Topar Gara we Hazar deňizlerinde ýerli hyzmatdaş “Kazmortransflot” bilen deňiz gatnawlaryny giňeltdi we Özbegistanda logistika we azyk iýmitler söwda işewürligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Gazagystandaky ýerli hyzmatdaşlar bilen bilelikde däne terminaly gurulýar we Kuryк portunda köp maksatly terminal gurmak boýunça öňünden meýilnamalar bar. AD Ports Group-yň Merkezi Aziýadaky ösýän ugur ulgamy Türkiýe we Pakistan ýaly ýurtlardaky portlar bilen birleşýär.
ORIENT