Türkmenistanyň howa gatnawlary artýar: gyş möwsümi üçin täze ugurlar
27.10.2025 | 17:25 |“Türkmenistan” milli awiakompaniýasy gyş pasly üçin halkara uçuş tertibini giňeldýändigini yglan etdi. Täze tertip Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň we Ýewropanyň möhüm ugurlaryny öz içine alýar hem-de dünýäniň 14 şäherine göni uçuşlary üpjün edýär.
Awiakompaniýa Günorta-Gündogar we Gündogar Aziýa ugry boýunça uçuşlaryň sanyny artdyrdy, şol sanda Pekin (Hytaý), Seul (Günorta Koreýa), Bangkok (Tailand), Hoşimin (Wýetnam) we Kuala-Lumpur (Malaýziýa) ugurlaryny goşdy. Şeýle hem kompaniýa Günorta Aziýa bilen aragatnaşyklary Nýu-Deli (Hindistan) üsti bilen ösdürýär.
Şeýle-de, awiakompaniýa sebitiň maliýe we dini merkezleri bolan Dubaý we Abu-Dabi (Birleşen Arap Emirlikleri), şeýle hem Jidda (Saud Arabystany) ugry boýunça uçuşlaryny dowam etdirer. Ýewropa ugurlary üçin bolsa London (Beýik Britaniýa), Maýn boýnundaky Frankfurt (Germaniýa) we Milan (Italiýa) şäherlerine uçuşlar göz öňünde tutuldy. Esasy üstaşyr merkezler hökmünde Stambul (Türkiýe) we Kazan (Russiýa) galýar.
Ugruň giňeldilmegi Türkmenistanynyň ulag elýeterliligini ýokarlandyrmaga we işewür hem-de syýahatçylyk saparlary üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir. Uçuşlaryň doly tertibi we olaryň ýygylygy awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda elýeterlidir.