Iň täze habarlar

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary Özbegistanda bilimini çuňlaşdyrýarlar

13.07.2025 | 15:00 |
 Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary Özbegistanda bilimini çuňlaşdyrýarlar

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti halkara hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär we talyplara daşary ýurtlarda tejribelik geçmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

2025-nji ýylyň 6-17-nji iýuly aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gidromeliorasiýa hem-de oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak fakultetleriniň mugallymlaryndan we talyplaryndan düzülen 22 adamdan ybarat topar Özbegistanyň Daşkent irrigasiýa we oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak inženerleri institutynda tejribelik geçýär. Bu maksatnama iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda öň gol çekilen Hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşyga laýyklykda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanda mähirli garşylandy. Myhmanlar üçin tejribe ukyplaryny berkidýän, tejribe alyşmagyň we ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň giň maksatnamasy taýýarlanyldy.

Tejribelik döwründe talyplar we mugallymlar Daşkent institutynyň işi bilen tanyşdylar, okuw binalaryna, barlaghanalara, sport desgalaryna we muzeýe baryp gördüler. Institutyň professorlary irrigasiýa, mehanizasiýa we oba hojalyk inženerçiligi ugurlaryndaky tejribeleri bilen paýlaşdylar.

Okuw sapaklaryndan başga-da, türkmen wekiliýeti öňdebaryjy ylmy we bilim edaralaryna, oba we suw hojalygy desgalaryna, şeýle hem Daşkendiň taryhy-medeni ýadygärliklerine baryp gördüler. “Smart Solutions System” atly sanly ulgam we suw hojalygy üçin döwrebap enjamlar aýratyn gyzyklanma döretdi.

Şeýle tejribe alyşmalaryň özara häsiýetlidigini bellemek möhümdir: 25-nji iýunyndan 4-nji iýuly aralygynda Daşkent institutynyň talyplary eýýäm S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde tejribelik geçipdiler.

Munuň ýaly maksatnamalar türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösmegine, bilim we oba hojalyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, şeýle hem öňdebaryjy tejribe alyşmagyna uly goşant goşýar.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: