BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda LLDC3 maslahaty boýunça brifing geçirildi
10.07.2025 | 23:35 |2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda Türkmenistanda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty (LLDC3) halkara derejesinde şöhlelenmä eýe bolýar. Şu nukdaýnazardan 9-njy iýunda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewanyň we BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili (USG/OHRLLS) Rabab Fatimanyň gatnaşmagynda bilelikdäki metbugat-brifingi geçirildi.
Brifing utgaşykly görnüşinde geçirildi we tutuşlygyna öňde boljak foruma bagyşlandy. Onuň dowamynda halkara forumyň maksatnamasy, onuň esasy we ugurdaş geçiriljek çäreler, şeýle hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy özi şol sanda wekiliýetler we beýleki gatnaşyjylar üçin iş hem ýaşaýyş şertlerini barada jikme-jik gürrüň berildi. Tanyşdyryş dabarasynyň ahyrynda çykyş edenler žurnalistleriň soraglaryna jogap berdiler, bu bolsa öňde boljak boljak wakanyň taraplaryny giňişleýin beýan etmäge mümkinçilik berdi.
Bilelikde şular ýaly çäräniň şeýle ýokary derejede geçirilmegi BMG bilen Türkmenistanyň bu maslahatyň üstünlikli guralyşyna we ähmiýetine berýän aýratyn ünsini görkezýär. Şeýle hem, maslahatyň geçiriljek ýurdy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ösüş meseleleri boýunça ählumumy dialogy geçirmekde ýakyn utgaşykly hyzmatdaşlygy görkezýär.
ORIENT