Hazaryň kenaryndaky şypahana – arzuw nädip hakykata öwrüldi
13.07.2025 | 23:58 |Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýekşenbe güni, ir säher bilen güni“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda adaty endigine eýerip, gezelenç we irki sport maşklary bilen başlady. “Watan” habarlar gepleşigi türkmen halkynyň Milli Lideriniň sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarlydygyny şöhlelendirmek bilen bir hatarada, dünýä derejesindäki çäräni – BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görýän Awazanyň ajaýyplygyny görkezdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada pyýada we welosipedli gezelenç etdi, şeýle hem sport toplumynda sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Bu türkmen halkynyň Milli Lideriniň köp ýyllardan bäri dowam etdirip gelýän däbi – her iş gününi bedenterbiýe maşklary bilen başlamak.
Bellemek ýerlikli bolar, bu maşklaryň diňe bir fiziki taýdan işjeň hereketleriň toplumy dälde, eýsem saglygy berkitmäge we gündelik işde ýokary öndürijiligi saklamaga ýardam edýän yhlas bilen saýlanan ykjam güýjiň toplumy.
Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, interwýu wagtynda daşary ýurtly žunalistleriň soraglarynda jogap berende bir näçe gezek belledi.
Telereportažyň uly bölegini türkmen halkynyň Milli Lideriniň taýsyz tagallalary netijsinde kemala gelen ajaýyp Awazanyň gözel keşbine orun berlipdir...
Ol hakykatdanam ajaýyp. Onda-da ýylyň islendik wagtynda. Şeýle hem ol – Awaza – türkmen halkynyň Milli Lideriniň yhlasynyň netijesidir.
Awazanyň taryhynda azyndan iki uly döwri bar. Birinjisi – geçen döwürde, 2007-nji ýyla çenli. Ikinjisi bolsa – 2007-nji ýyldan soňky döwür, ýagny häzirem dowam edýär.
Şunuň bilen baglylykda, 2007-nji ýylda, Türkmenistanyň, Russiýanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Awazada möhüm ähmiýetli sammitiň geçirilendigini belleme gerek. Şol duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany Awazada häzirki zaman halkara syýahatçylyk merkezini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi.
Şonda bu teklip sammite gatnaşyjylaryň doly goldawyna eýe boldy. Şol pursatdan başlap, Awazanyň iň täze taryhy başlaýar.
Şol döwürde amaly manyda durmuşa geçirilýän bu pikiriň diňe bir ajaýyp myhmanhanalarda we saglyk şypahanalarynda öz beýanyny tapman, eýsem ýurduň günbatar sebitiniň ösüşine hem täsir etjekdigi köpleriň aklynada gelen däldir...
Şondan soňra, alty aýdan soň, 2007-nji ýylyň dekabr aýynyň başynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada geljekki milli syýahatçylyk zolagynyň ösüşine bagyşlanan möhüm duşuşyk geçirdi.
Duşuşyga Türkmenistanyň jogäpkär işgärlerinden başga-da birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Oýlanşykly ara alnyp maslahatlaşylandan soň, Awazany abadanlaşdyrmak we gurluşygy boýunça birnäçe geljegi uly taslamalaryň tanyşdyrylyşy boldy.
Esasy üns döwrebap syýahatçylyk merkezini döretmäge gönükdirildi ýagny olaryň düzümine rahat myhmanhanalary we şypahanalary, dynç alyş merkezleri we syýahatçylyk infrastruktura desgalary, sport we sagaldyş toplumlary, ekosyýahatçylyk we işjeň dynç alyş üçin zolaklarylary, ulag ýollary we logistika merkezleri girizildi.
Maslahatyň dowamynda taslamany durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly işler, şol sanda maýa goýumlaryny çekmek meseleleri, gurluşykda häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagy we dynç alýanlar üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Sebitiň özboluşly tebigatyny gorap saklamaga we täze binalaryň bar bolan tebigy gurşaw bilen sazlaşykly birleşmegine aýratyn üns bermek bilen ähli zatlar göz öňünde tutuldy.
2007-nji ýylyň gyş günleriniň birinde geçirilen maslahat diňe bir Hazar deňziniň kenarynda döwrebap syýahatçylyk merkezini döretmegiň strategik ugruny kesgitlemän, eýsem ýurduň günbatar sebitiniň taryhynda täze tapgyry hem açdy.
Milli syýahatçylyk zolagy diýip atlandyrylan täze dynç alyş we güýmenje merkezi, Türkmenistanyň tebigy we howa aýratynlyklaryny hem-de infrastruktura mümkinçiliklerini özünde jemläp, halkara syýahatçylyk ugurlarynyň ulgamynda möhüm halkalaryň birine öwrüler diýip meýilleşdirilýärdi.
Şol döwürde dünýäde entek ählumumy maliýe-ykdysady çökgünligi başlanokdy (şol wagt onuň ilkinji alamatlary peýda bolup başlapdy), syýahatçylyk bolsa dünýäniň iň ösen pudaklarynyň biri bolup durýardy. Dünýäniň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri dürli ugurlardaky (kaşah myhmanhalar, şypahana hyzmatlary, sport maksatly desgalar we beýlekiler) teklipleri berdiler.
Awazanyň gurluşygynyň konsepsiýasy bolsa ähli zatlary öz içine alýardy! Ol köpugurlylyk ýörelgelerine görä işlenip taýýarlanyldy, bu bolsa has dürli derejelerdäki syýahatçylaryň isleglerini kanagatlandyryp biljek bir aýratyn merkez döretmäge mümkinçilik berýärdi.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ösüşiniň esasy ugurlary:
-
Maşgala syýahatçylygyna maksus bolan amatly otaglary bolan rahat myhmanhanalar we şypaha toplumalary, çagalar we ulular üçin seýilgähler hem-de güýmenje merkezleri.
-
Sportyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ösen infrastruktura, häzirki zaman sport toplumlary we işjeň dynç alyş meýdançalary, ýaryşlary we sport çärelerini guramak bilen sport syýahatçylygy.
-
Saglygyny berkitmek isleýänlere iň döwrebap enjamlar we ökde hünärli işgärler bilen bir hatarda lukmançylyk merkezlerini hödürleýän lukmançylyk syýahatçylygy.
-
Ekosyýahatçylyk, deňiziň, sähralygyň we daglaryň bir-birine ýakynlykda bolmagy bilen. Ekologiýany söýýänler üçin başga näme zerur? Sebäbi olara Awazada eko-kottejlerde ýaşamak, sebitiň tebigy baýlyklary bilen tanyşmak üçin ýollar, dürli ekologiýa bilimine gönükdirilen dürli çärelerine gatnaşmak teklip edilýär.
-
Ekstremal syýahatçylygy – adrenalin we ýokary derejeli işjeň dynç alyşy halaýanlar üçin deňiz tolkunlaryň güýçlenýän wagtynda şol bir gaýaly daglary, yssy çöl we joşgunly deňzi ulanyp bilersiňiz.
-
Medeni we bilim syýahatçylygy – bu hyzmatda türkmen halkynyň baý taryhy, däp-dessurlary, özboluşly medeniýeti, mirasy we sungaty bilen tanyşmak ýaly hyzmatlar hödürlenýär.
Awaza Konsepsiýasynyň köpugurlylygy onuň esasy aýratynlygyny döredýär. Bu, dürli gyzyklanmalary we talaplary bolan syýahatçylary çekip bilýän, ýokary derejeli hyzmatlary we dürli görnüşli dynç alyş mümkinçiliklerini üpjün edýän deňagramly we köp görnüşli infrastrukturany döretmegi göz öňünde tutdy.
Emma, dynç alýanlaryň şeýle giň derejelerine garamazdan, olaryň her birine, ýaşaýyş şertlerine we isleglerine garamazdan, şol bir görkeziji güýçli täsir edýär!
Bu – Awazanyň tebigy we howa aýratynlyklarynyň adam saglygyna peýdaly täsiri.
Bu bolsa klimat, deňiz howasy we deňiz suwy ýaly faktorlaryň ajaýyp utgaşmasy netijesinde bolup geçýär.
Munuň üçin ýöriteleşdirilen bejergi usullary goşup bolar - krioterapiýa (sowuk bilen bejermek), haloterapiýa (emeli duz gowaklarynda bejermek), infragyzyl terapiýa (toksinleri aýyrmaga we bedeni arassalamaga kömek edýär), parafin we ozokerit bejergisi (gan aýlanyşyny we metabolik prosesleri gowulandyrýar) we ş.m.
Bu ähli görkezijiler jemlenip, sagaldyş üçin aýratyn şertleri döredýär. Şonuň üçin Awazadaky şypahana bejergileri diňe belli keselleri bejermek bilen çäklenmän, eýsem immunitetiň güýçlenmegini, bedeniň umumy ýaşarmagyny we ýaşaýyş işjeňligini ýokarlandyrmak üçin niýetlenendir.
Şeýle-de bolsa, Awazanyň dynç alyş we güýmenje ýeri diýip atlandyrmak, onuň ýurduň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuny çäklendirer.
Bu ýerde geçirilen halkara forumlarynda görnükli syýasatçylar, meşhur hökümet we jemgyýetçilik işgärleri çykyş etdiler, dünýä belli sungat işgärleriniň we meşhur türgenleriň gatnaşmagynda aýdym-saz festiwallary we sport ýaryşlary geçirildi. Bu, Awazanyň esasy forumlary, maslahatlary we medeni çäreleri geçirmek üçin halkara merkezi hökmünde ähmiýetini görkezýär hem-de onuň ykdysady merkez hökmünde ösmegine goşant goşýar.
Ýakyn wagtda Awaza iň möhüm forumlaryň birini – BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny kabul eder. Şonuň üçin bu çäräniň öňüsyrasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri doly taýýarlygy üpjün etmek maksady bilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi.
Şeýle hem Awaza sebitiň ulag infrastrukturasynyň ösmeginde möhüm orny eýeledi, ýüzlerçe müň iş ýerini üpjün etdi we durmuş ugurly maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň mysaly boldy. Ulgamlaýyn esasda bag nahallarynyň ekilmegi we seýilgähleriň döredilmegi netijesinde ýurduň bu gözel künjegi bagy-bossanlyga öwrüldi.
Hakykatdanam, strategiki garaýşy we ählumumy ähmiýetli häzirki zaman, köpugurly hem-de ekologiýa taýdan arassa merkezi döretmek üçin edilýän tagallalary özünde birleşdirýän Awaza ýylyň islendik wagtynda hem owadandyr.
ORIENT