Iň täze habarlar

Moskwada ägirt uly “M” harpy şekilli binalaryň taslamasy bilen tanyşdyryldy

14.07.2025 | 15:00 |
 Moskwada ägirt uly “M” harpy şekilli binalaryň taslamasy bilen tanyşdyryldy

Rubsowsko-Dworsowyý köçesiniň ugrunda täze giň möçberli gurluşyk meýilleşdirilýär. Taslamanyň soňky görnüşi heniz tassyklanmasa-da, KPLN binagärlik edarasynyň bäsleşik taslamalarynyň biri internet sahypalarynda peýda boldy.

«Недвижимость инсайды» ýaýlymynyň habar berşi ýaly, bu taslamanyň göwrümli-giňişlik çözgüdi eýýäm “Arh Moskwa” sergisinde görkezildi. Renderlere görä, ägirt uly “M” harpy görnüşindäki beýik binalaryň jikme-jik işlenilen taslamasy Elektrozawod etrabynyň täze binagärlik dominanty bolmagyna dalaş edýär. Munuň diňe beýiklige däl, eýsem görnükli wizual täsirine hem degişlidigi bellenilýär.

1

Binalaryň, şol bir etrapda ýerleşýän, “Kümüş öý” ady bilen tanalýan ýarym tegelek arka görnüşindäki ýaşaýyş toplumynyň ýanynda ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýär. Taslama teklip edilen görnüşde durmuşa geçirilse, ägirt uly “M” harpy uzakdan, belki-de Sadowyý halkasyndan ýa-da WDNH sergi merkezinden hem görünip bilner. Bu bolsa ony şäher keşbiniň tanalýan elementine öwürer.

ORIENT

Foto: KPLN

Şeýle hem okaň: