Doganlar Toýlyýewler “Ýüpek ýoly” 2025 rallisinde T2 klasynda öňdebaryjy ornuny berkidýärler
21.07.2025 | 23:52 |21-nji iýulda “Ýüpek ýoly” 2025 halkara rallisine gatnaşyjylar Mongoliýadan geçip, Russiýanyň çägine gaýdyp, onunjy tapgyry tamamladylar. Bu tapgyryň uzynlygy 515 kilometrden gowrak bolup, onuň 257 kilometri ýörüte bölegidir. Ýaryşyň bu tapgyry, gatnaşyjylaryň köpüsi tarapyndan tutuş ugur boýunça iň gözel ýerleriň biri hökmünde ykrar edildi.
Sürüjiler dag etekleri we gaýaly gerişleri boýunça geçip, köl jülgesiniň hötdesinden geldiler we Açit-Nuur kölüniň bendiniň ugry boýunça hereket etdiler. Mongoliýanyň soňky kilometrlary üsti tekiz belentliklerindäki giň paralel ýollaryndana geçdiler. Bu bolsa türgenlere tebigatyň beýikligini we öz tehnikasynyň kuwwatyny doly duýmaga mümkinçilik berdi.
Şu günniň jemlerine görä, T2 klassynda Merdan we Şöhrat Toýlyýewler ýaryşyň iň esasy dalaşgäri boldylar. Olar onynjy tapgyrda iň gowy wagty görkezdi we Meýlis Abdullaýewi 25 minut yzda galdyrdylar.
Bu tapgyrdaky ynamly ýeňşiniň netijesinde, doganlar Toýlyýewler T2 klassynyň umumy hasabynda özleriniň öňdeligini berkitdiler. Indi olar Meýlis Abdullaýewden takmynan ýedi sagat öňde barýarlar.
Bir gün öň, ralliniň dokuzynjy tapgyrynda, “türkmen” T2 klassynda öňdebaryjynyň çalşylandygyny bellemelidiris. Uzak wagtlap öňdeligi saklan Maksatmyrat Daňatarow, kyn bölegi geçip bilmändigi sebäpli 21 sagat uly jerime aldy. Netijede, birinji orna Merdan Toýlyýew, Meýlis Abdullaýew bolsa ikinji orna geçdi. Daňatarowyň birinji orunda barýan bilen aratapawudy indi 14 sagada ýetdi.
ORIENT