Okuw ýylynyň jemleri we özgertmeler: Ahal welaýatynda bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi
18.08.2025 | 16:00 |Änew şäheriniň Medeniýet öýünde Ahal welaýatynyň öňdebaryjy mugallymlarynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda awgust maslahaty geçirildi. Welaýatyň Baş bilim müdirligi tarapyndan gurnalan çärä mekdepleriň ýolbaşçylary, mugallymlary hem-de ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Maslahata gatnaşyjylar 2024–2025-nji okuw ýylynyň jemlerini ara alyp maslahatlaşyp, 2025–2026-njy ýyl üçin möhüm wezipeleri kesgitlediler. Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, okatmagyň innowasion usullaryndan peýdalanmak we mugallymlaryň hünär derejelerini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Çykyş edenler bilim ulgamyndaky özgertmeleriň hemmetaraplaýyn ösen hem-de intellektual ýaş nesli taýýarlamaga gönükdirilendigini nygtadylar.
Maslahatyň çäklerinde okuw-usuly gollanmalaryň sergisi guraldy. Çäräniň ahyrynda geçen okuw ýylynda ýokary netijelere eýe bolan mugallymlar Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.
ORIENT