Iň täze habarlar

Balkan welaýatynda bilim işgärleriniň sebit maslahaty geçirildi

18.08.2025 | 15:00 |
 Balkan welaýatynda bilim işgärleriniň sebit maslahaty geçirildi

Balkan welaýatynda 2024–2025-nji okuw ýylynyň jemlerine hem-de täze okuw ýylynyň öňünde durýan wezipelere bagyşlanan bilim işgärleriniň sebit maslahaty geçirildi. 16-njy awgustda geçirilen maslahata welaýatyň umumybilim berýän mekdepleriniň hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy mugallymlary gatnaşdy.

Maslahaty Balkan welaýatynyň Baş bilim müdirliginiň müdiri H. Hudaýberenow açdy. Ol usulyýet boýunça geçirilen hünär tejribeçilikleriniň üstünlikli tamamlanandygyny belläp, bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler boýunça alnyp barylýan işler barada çykyş etdi. Esasy meseleleriň hatarynda okuw edaralarynyň elektron serişdeler bilen üpjün edilmegi hem-de sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy aýratyn bellenildi. Munuň özi ýokary okuw mekdepleriniň arasynda yzygiderli ýagdaýda uzak aralykdan okatmak sapaklaryny we wideo-maslahatlaryny geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu iş bolsa bilimiň hilini ýokarlandyrmak we ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda zerur bolan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça döwlet wezipesiniň bir bölegidir.

Maslahatyň ahyrynda tapawutlanan bilim işgärlerine welaýat kärdeşler arkalaşygynyň adyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şunuň bilen olaryň alyp barýan işleri we milli bilim ulgamynyň ösüşine goşýan goşandy aýratyn bellenildi.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: