AÖB Aşgabatda täze şepagat uýalary mekdebini gurmak üçin 75 million dollar maýa goýýar
27.09.2025 | 16:05 |Aziýa ösüş banky (AÖB) Türkmenistanda şepagat uýalygy we akuşer kömegi ulgamyny ösdürmek taslamasyny durmuşa geçirmek üçin 75 million amerikan dollary möçberinde karz serişdelerini hem-de Ýaponiýanyň Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde gülläp ösüşe we durnuklylyga ýardam gaznasyndan (JFPR) 2 million dollarlyk granty tassyklady. Bu barada bankyň metbugat beýanatynda aýdylýar.
Bu, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda AÖB tarapyndan durmuşa geçiriljek ilkinji taslama bolup, onuň maksady şepagat uýalary kärini ösdürmek we ilatyň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterliligini giňeltmekdir. Taslama laýyklykda, Aşgabatda häzirki zaman enjamlary we interaktiw okuw üçin simulýasiýa barlaghanasy bolan täze şepagat uýalary mekdebi gurlar. Infrastruktura täze enäni goramak üçin howpsuz otag, talyplar üçin ýaşaýyş jaýy hem-de sagdyn iýmitlenmegi öňe sürmek maksady bilen iýilýän ösümlikler bagy girer.
Şeýle hem okuw maksatnamalary halkara standartlara laýyklykda täzelener, täze okuw we lukmançylyk enjamlary satyn alynar, mugallymlar we uly şepagat uýalary üçin hünär kämilleşdiriş okuwlary guralar. Bu bolsa şepagat işgärleriniň saglygy goraýyş ulgamyndaky ornuny berkitmäge we lukmançylyk kömeginiň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Taslamanyň umumy bahasy 98 million dollar bolup, onuň 23 million dollary Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdiriler. AÖB-niň Türkmenistandaky ýurt direktory Artur Andrisýagyň belleýşi ýaly, bu iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda üçünji bilelikdäki taslama bolup, ol hyzmatdaşlygyň we ynamyň ösýändigini görkezýär.
ORIENT