Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
29.09.2025 | 10:55 |Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk at çapyşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Toyo Engineering Corporation” ýapon kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoi bilen duşuşyk geçirdi.
Gepleşigiň barşynda işewür döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlap, ýapon-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň uly goşandyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň dürli ugurlarda, şol sanda nebitgaz, himiýa, gurluşyk we beýleki pudaklarda üstünlikli alnyp barylýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde we kämilleşdirmekde Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň, şol sanda “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň möhüm ornuny belledi.
Taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedigini bellediler. Bilelikdäki taslamalaryň arasynda korporasiýanyň gatnaşmagynda Gyýanlyda gurulan polimer önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumy atlandyryldy.
Eiji Hosoi türkmen bazarynda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ykdysady ösüşine mundan beýläk-de goşant goşmaga hemişe taýýardygyny tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeleri göz öňünde tutup, geljekde hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça has-da ösdürmäge mümkinçiligiň bardygyna ünsi çekdi. Türkmenistanyň ýapon kompaniýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygy bellendi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Döwlet Baştutanymyz “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysyna işinde üstünlikleri arzuw etdi.