Türkmenistan we IGNFI oba hojalyk pudagy boýunça hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlediler
29.09.2025 | 11:15 |Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “IGNFI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Oliwýe Delumo bilen duşuşyk geçirdi.
Myhman döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady we Türkmenistana ilkinji gezek gelip görýändigini belledi. Ol paýtagtymyz Aşgabadyň, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň özünde uly täsirleri galdyrandygyny buýsanç bilen belledi, şeýle hem Türkmenistanyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşine ýokary baha berdi.
Hormatly Prezidentimiz işewüriň şu saparynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, oba hojalyk toplumy ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde ileri tutulýan ugur bolup durýar.
Ýurdumyzda oba hojalyk mümkinçiligini ösdürmäge, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga we häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmags aýratyn üns berilýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň kämil tehnologiýalary bolan daşary ýurt kompaniýalary, şol sanda “IGNFI” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady.
Taraplaryň nygtalyşy ýaly, oba hojalyk pudagynyň sanlylaşdyrylmagy durnukly oba hojalygy üçin täze mümkinçilikleri açýar, şeýle hem takyk ekerançylyk ýaly innowasion tejribeleri ornaşdyrmaga şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça kompaniýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy.
Oliwýe Delumo "IGNFI" kompaniýasynyň oba hojalyk pudagy boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdi. Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow “IGNFI” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirip, kompaniýanyň ýolbaşçysyna işinde üstünlikleri arzuw etdi.
ORIENT