Iň täze habarlar

Hytaý diplomatiýasy we innowasiýalary: hepdäniň esasy wakalary

28.09.2025 | 16:00 |
 Hytaý diplomatiýasy we innowasiýalary: hepdäniň esasy wakalary

Geçen hepdede (20–26-njy sentýabr) Hytaýyň içerki we daşarky syýasaty strategiki taýdan möhüm wakalar bilen bellenildi. Olaryň hatarynda täze howa şertnamalary, ABŞ bilen gatnaşyklary durnuklaşdyrmak hem-de özboluşly ulag ýolunyň işe girizilmegi bar.

1. Si Szinpiniň Sinzýana sapary

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Sinzýan-Uýgur awtonom sebitiniň döredilmeginiň 70 ýyllyk dabarasyna gatnaşdy. Saparyň dowamynda ol sebitiň ýurduň ösüşindäki bäş strategiki ornuny nygtap geçdi, şol sanda ony «Ýewraziýa yklymy boýunça altyn ýol» hem-de milli howpsuzlygyň strategiki galkany hökmünde görkezdi.

2. Howa şertnamalary we BSG-däki ýagdaý

BMG-niň Baş Assambleýasynda Hytaý täze ähmiýetli ekologik meýilnamalary hödürledi. Ýurt parnik gaz çykarmalaryny iň ýokary derejesinden 7–10% azaltmagy we ýel hem Gün energiýasynyň kuwwatyny 3600 gigawatta çenli artdyrmagy boýunça borçnama aldy. Şeýle-de, Hytaý BSG-de geljekki gepleşiklerde aýratyn diferensirlenen düzgüni talap etmejekdigini aýtdy we dünýä söwdasynda has uly jogapkärçilige taýyndygyny görkezdi.

3. ABŞ bilen gatnaşyklaryň durnuklaşdyrylmagy

Pekinde 2019-njy ýyldan bäri ilkinji gezek ABŞ Kongresiniň iki partiýaly wekiliýeti sapar bilen boldy. Döwlet Geňeşiniň premýeri Li Sýan we goranmak ministri Dun Szýun bilen duşuşyklarda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary durnuklaşdyrmak üçin harby we diplomatik dialogy giňeltmegiň zerurdygyny aýtdylar. Hytaý tarapynyň bellemegine görä, ABŞ bir Hytaý ýörelgesine ygrarly bolmaly we Taýwan meselesinde seresaply çemeleşmeli.

4. Ýaragly güýçleriň döwrebaplaşdyrylmagy

Hytaýyň Goranmak ministrligi üçünji awia-daşlaýjy «Fuszýan» gämisiniň işläp başlanmagyna az wagt galandygyny aýtdy. Elektromagnit katapultlary arkaly uçarlaryň gonuş-uçuş synaglarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen, Hytaý dünýäde şeýle mümkinçiliklere eýe bolan ikinji ýurt boldy. Bu bolsa HHR-iň Harby-Deniz güýçleriniň döwrebaplaşdyrylmagynda möhüm ädim hasaplanýar.

5. Arktika konteýner ekspressi

Hytaý dünýä logistikasyna täzeçil çemeleşme girizip, Hytaý–Ýewropa boýunça dünýäde ilkinji Arktika konteýner ekspress ýoluny açdy. Ningbo-Çžouşan portundan ugran gämi ýükleri bary-ýogy 18 günde Beýik Britaniýa ýetirjekdir. Bu bolsa Sues kanaly arkaly gidýän adaty ýoldan iki esse çalt we dünýä üpjünçilik zynjyrlarynyň durnuklylygyny güýçlendirýär.

ORIENT

Foto: substack.com

Şeýle hem okaň: