Çagalaryň sanly saglygy: Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Türkmenistanyň mekdeplerinde «Immun gözegçiligini» ornaşdyrýar
02.10.2025 | 18:45 |1-nji oktýabrda BMG-niň Aşgabatdaky binasynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) «Immun gözegçiligi» atly sanly okuw maksatnamasyny ornaşdyrmaga bagyşlanan strategiki tegelek stoly geçirildi. Maksatnama çagalara immunitetiň esaslaryny, arassaçylyk we keselleriň öňüni alyş boýunça interaktiw, oýun görnüşinde öwretmäge gönükdirilendir.
Çäräniň işine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň, Bilim ministrliginiň wekilleri, şeýle hem ÝUNISEF-iň we BSGG-niň edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşygyň esasy maksady «Immun gözegçiligini» milli okuw meýilnamasyna ornaşdyrmak boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagydyr.
Tegelek stol BSGG-niň #Youth4Health başlangyjynyň çäklerinde geçirildi, ol ýaşlaryň sanly innowasiýalar arkaly saglygy goraýyş babatdaky sowatlylygyny ýokarlandyrmagyna ýardam edýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar aşakdaky esasy ugurlar boýunça ylalaşdylar:
-
Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine gözegçilik etmek üçin Saglygy goraýyş we Bilim ministrlikleriniň wekillerinden bilelikdäki iş toparyny döretmek;
-
«Immun gözegçiligini» tapgyrlaýyn ornaşdyrmak üçin milli hereketler meýilnamasyny işläp taýýarlamak;
-
Mekdeplerde has elýeterli etmek maksady bilen guralyň oflaýn görnüşini synagdan geçirmek;
-
Häzirki okuw ýylynyň dowamynda mugallymlar üçin okuw seminarlaryny geçirmek.
«Immun gözegçiligi» maksatnamasy çagalara saglygyň esasy düşünjelerini tanyşdyrýan gyzykly we ylmy esaslara daýanýan platformadyr.
Bu sanly guralyň Türkmenistanyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy döwletiň ýaş nesilleriň saglygy goraýyş babatda sowatlylygyny ýaşlykdan ýokarlandyrmak baradaky strategiýa ygrarlylygyny görkezýär. Okuwçylara zerur bilimleri we başarnyklary bermek arkaly bu başlangyç has sagdyn we habarly nesli terbiýelemäge, şeýle hem ýaşlaryň öz saglyk abadançylygyna jogapkärli çemeleşmegine ýardam edýär.
ORIENT