Iň täze habarlar

Türkmenistanly mekdep okuwçylar Panamada geçiriljek “Robotlar olimpiadasyna” gatnaşarlar

28.10.2025 | 18:00 |
 Türkmenistanly mekdep okuwçylar Panamada geçiriljek “Robotlar olimpiadasyna” gatnaşarlar

Türkmenistan öz mekdep okuwçylaryndan düzülen topary bilen robototehnika boýunça “First Global Challenge 2025” halkara bäsleşigine gatnaşar. “Robotlaryň olimpiadasy” atly bäsleşik Panama Respublikasynda 29-njy oktýabrdan 1-nji noýabra çenli geçirilip, 190 ýurtdan ýaşlary bir ýere jemlär.

Ýurdumyzyň adyndan çykyş etjek “Oguzrobot” topary, dilleriň öwrenilişine çuňlaşdyrylan Aşgabatdaky ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçylaryndan düzülendir. Toparyň düzümine Çaryýew Ysmaýyl, Gylyçmuhammedow Emirhan, Çolukow Aznawur, Gulow Şirmuhammet we Orazgeldiýew Gurban­geldi girýär. Toparyň ýolbaşçysy tejribeli mugallym Myrat Sähetgulyýewdir.

Soňky aýlarda topar “Kämil bilim” bilim merkezinde ýaryşa işjeň taýýarlandy. Oguz han nesilleri robotyň dizaýnyny üstünlikli taýýarlap, programma üpjünçiligini ýazyp we giňişleýin synagdan geçirdiler.

“Okuwçylaryň taýýarlyk derejesi ýokarydyr. Biz gowy netijelere umyt edýäris. Bu bäsleşik ýaşlarymyz üçin halkara tejribe gazanmakda we döredijilik hem inženerçilik başarnyklaryny kämilleşdirmekde ajaýyp mümkinçilikdir” — diýip, Myrat Sähetgulyýew belledi.

“First Global Challenge” — bu Olimpiýa oýunlaryna meňzeş görnüşde guralýan robototehnika boýunça halkara bäsleşikdir. Bu ýylyň temasy ekoulgamyň deňagramlylygyna bagyşlanyp, ýaşlaryň daşky gurşawy goramak boýunça çözgütlerini hödürlemäge gönükdirilendir.

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: