Türkmenistan durnukly maýa goýumlaryny çekmek üçin BSG-niň täze standartlaryny ornaşdyrýar
23.10.2025 | 08:00 |Aşgabatda seminar geçirildi, onuň dowamynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri Bütindünýä Söwda Guramasynyň ösüş maksatly maýa goýumlaryny höweslendirmek baradaky ylalaşygy (IFDA) boýunça zerurlyklary öwrenmäge we baha bermäge girişdiler.
Bu çäre Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýasy” atly taslamasynyň çäklerinde Halkara söwda merkezi (HSM) tarapyndan gurnaldy.
IFDA: “Ýaşyl” ykdysadyýet üçin täze standart
“IFDA” ylalaşygy – 2024-nji ýylyň fewral aýynda BSG-niň 120-den gowrak agzasy tarapyndan gol çekilen möhüm halkara guralydyr. Onuň esasy maksady – kadalaşdyrmagyň açyklygy, maýa goýum gurşawynyň öňünden çaklap boljaklygyny ýokarlandyrmak we administratiw amallary ýönekeýleşdirmek arkaly durnukly we ýokary hilli daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekden ybaratdyr.

Seminary HSM-niň halkara derejeli maslahatçysy, Pekin uniwersitetiniň Hukuk fakultetiniň Halkara ykdysady hukugy we syýasaty merkeziniň direktory, professor Mançzýao Çi alyp bardy. Onuň ýolbaşçylygynda 30-a golaý türkmen hünärmeni häzirki milli çäreleri seljerdiler we täze standartyň ýörelgelerine doly laýyk gelmek üçin zerur bolan ileri tutulýan ädimleri kesgitlediler.
“IFDA”-niň ýörelgelerine esaslanýan özgertmeleri durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň daşary ýurt maýasy, şol sanda “ýaşyl” ykdysadyýet başlangyçlary üçin özüne çekijiligini ep-esli artdyrar. Bu bolsa, ýurduň ykdysady ösüşe we ählumumy söwda ulgamyna goşulyşmagyna ygrarlylygyna esaslanyp, halkara derejesinde eýeleýän ornuny berkitmek üçin şertleri döreder.
Taslama barada: Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýasy” atly HSM-niň taslamasy, kiçi we orta kärhanalaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we işewürlik ýagdaýyny gowulandyrmak arkaly Türkmenistanda ykdysady ösüşi höweslendirmäge we mynasyp zähmeti üpjün etmäge gönükdirilendir.
ORIENT