Türkmenistan we Montana uniwersiteti kiberhowpsuzlyk we suw serişdeleri babatynda hyzmatdaşlygy ýola goýýarlar
23.10.2025 | 18:00 |Oktýabr aýynyň 22-sine ABŞ-nyň Missula şäherinde, türkmen wekiliýeti Montana uniwersitetiniň ýolbaşçylary, şol sanda prorektor Adrea Lourens bilen birnäçe iş duşuşyklary geçirdi. Saparyň esasy maksady Türkmenistanda ýokary okuw ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn ösdürmekden ybarat boldy.

Taraplar ýyllyk ýol kartasy bilen üpjün ediljek Hyzmatdaşlyk hskynda Ähtnamada öz beýanyny tapjak uzak möhletli ugurlary kesgitlediler:
• Kiberhowpsuzlyk we IT: Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin IT ugurlarynda gysga möhletli hünär kämilleşdiriş maksatnamalaryny döretmek, şeýle hem bilelikdäki okuw barlaghanasyny açmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň prorektory geografiki maglumat ulgamlary (GMU) boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.
• Suw howpsuzlygy we ekologiýa: Suw serişdelerini dolandyrmak, ekologiýa we tebigaty gorap saklaýan tehnologiýalar boýunça synag görnüşli onlaýn modul taýýarlamaga gyzyklanma tassyklanyldy. Türkmen döwlet uniwersitetiniň prorektory dersara çemeleşmäniň ähmiýetini nygtady.
• Akademiki hereketlilik: Durnukly ösüş we IT boýunça umumy okuwlaryň açylmagy, şeýle hem mugallymlar üçin alyş-çalşyk maksatnamalary we talyplar üçin tejribe geçmek mümkinçilikleri boýunça ylalaşyga gelindi.

Saparyň netijesinde taraplar gysga wagtda Hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnamanyň taslamasyny taýýarlamaga, utgaşdyryjylary kesgitlemäge we iş toparyny döretmäge ylalaşdylar. Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew Montana uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygyň adam maýasyny berkitmäge we döwrebap bilim tejribelerini ornaşdyrmaga gönükdirilen strategik wezipä laýyk gelýändigini belledi.
Türkmen wekiliýeti Montana uniwersitetiniň wekillerini degişli bilim forumlaryna gatnaşmak üçin Aşgabada çagyrdy.
ORIENT