Milli nyşana öwrülen şahyr – Türkmenistanda Gurbannazar Ezizowyň 85 ýyllygy bellenilýär
23.10.2025 | 22:40 |Penşenbe güni Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde noýabr aýynda geçiriljek möhüm medeni çäreleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ony Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa beýan etdi. Şol çäreleriň arasynda – Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Gurbannazar Ezizowyň (1940–1975) doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly sahna çykyşynyň guralmagy bar.
Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň döwlet derejesinde bellenilmegi tötänleýin däl. 1940-njy ýylyň baharynyň ilkinji gününde dünýä inen şahyr ömrüniň bary-ýogy 35 ýylynyň dowamynda halkyň söýgüsini gazanyp, Türkmenistandaky iň beýik liriki şahyrlaryň biri hökmünde tanaldy.
Şahyryň döredijiligi – ýeňil hem täsirli setirleri, duýgulara baý mazmuny bilen tapawutlanýar we milli medeniýetde aýratyn orun eýeleýär. Ezizow häzirki zaman liriki-filosofik ugurly türkmen şygyryýetiniň düýbüni tutujylaryň biri hasaplanylýar.

Ýylyň dowamynda geçirilýän dabaraly çäreler (konsertler, sergiler, döredijilik duşuşyklary we beýlekiler) milli aňyýeti berkitmäge, türkmen dilini hem-de ruhy mirasy ýaşlaryň arasynda wagyz etmäge gönükdirilendir. Mundan başga-da, bu çäreler türkmen medeniýetini we ynsanperwer gymmatlyklaryny dünýä derejesinde tanatmaga uly goşant goşýar.
Şahyryň ýubileý dabaralaryndan başga-da, noýabr aýynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, gurluşyk-senagat toplumynyň işgärleriniň gününe hem-de Hasyl baýramyna bagyşlanan ylmy maslahatlar, sergiler, konsertler we täze desgalaryň açylyş dabaralary meýilleşdirilýär.
ORIENT