Medeniýet

Türkmen dogramasy Hytaýda geçirilen halkara festiwalyň iň gowy tagamy diýlip yglan edildi
24.09.2023
|10:46
|1869
Pekiniň Ulag uniwersitetinde "Embrace The World, Embrace The Diversity" ady bilen halkara tagam festiwaly geçirildi. Onda ildeşlerimiz milli tagamlary myhmanlara hödürlediler. Jemi 34 döwletiň wekillerini ýygnan festiwalda dürli halklaryň milli tagamlary hödürlenip, medeni aýratynlyklary görkezildi.

Durmuş dowam edýär - Hulio Iglesias 80 ýaşynda
23.09.2023
|15:39
|1527
Ispaniýanyň esasy romantigi we iň meşhur ispan aýdymçysy Hulio Iglesias ýubileýini belleýär. Ol şu gün 80 ýaşady. Ynha ýarym asyr bäri bütin dünýä onuň aýdymlaryny diňleýär we şol döwürde ol müňlerçe konsert berdi, 57 albom çykardy, 300 million ýazgysyny satdy we täjirçilik taýdan iň üstünlikli ispan dilli sazanda hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Aşgabatda fransuz kinosy görkeziler
22.09.2023
|18:01
|1621
Aşgabatdaky Fransuz institutynda "Eldegrilmesiz" ("Intouchables") atly fransuz kinosynyň görkezilişi geçiriler. Bu film rus dilli tomaşaçylaryň arasynda "1+1" ady bilen tanalýar. Şu gün - 23-nji sentýabrda, sagat 14:00-da görkeziljek kino ýazgyly terjimesiz (subtitrsiz) görkezilýär.

Awstriýada Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli gala konserti geçiriler
22.09.2023
|15:15
|1641
Awstriýanyň paýtagty Wenada 18-nji oktýabrda beýik filosof we şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan gala konsertini geçiriler.

GDA ýurtlarynyň ilkinji teatr festiwaly Samarkandy Arkalaşygyň medeni paýtagty - 2024 hökmünde kabul eder
21.09.2023
|00:36
|1208
Özbegistanyň Samarkand şäheri 2024-nji ýylyň martynda Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň 1-nji teatr festiwaly geçiriler. GDA agza ýurtlaryň dokuz teatry döredijilik sergisine gatnaşar diýip, welaýat häkiminiň syýahatçylyk, medeni miras we sport boýunça orunbasary Rustam Kobilow metbugat wekillerine aýtdy.

Türkmen suratkeşleriniň Şuşa şäherine bagyşlap çeken suratlary ýörite katalogda çap ediler
21.09.2023
|00:05
|1273
Türki dünýäsiniň suratkeşleriniň Azerbaýjanyň Şuşa şäherine bagyşlap çeken suratlary ýörite katalogda neşir ediler. TÜRKSOÝ guramasynyň çäklerinde şu ýyl 23-nji gezek guralan we 10 – 20-nji sentýabr aralygynda dowam eden döredijilik syýahatyna türki döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň suratkeşleri hem gatnaşdylar.

Merkezi Aziýadan ÝB-niň paýtagtyna çenli medeni syýahat: Ýewropa Parlamentinde sergi
20.09.2023
|21:18
|882
Sişenbe güni, 19-njy sentýabrda Brýusselde, Ýewropa Parlamentiniň binasynda açylan sergi «Gözýetimleri ýakynlaşdyryp: Merkezi Aziýadan we Mongoliýadan Ýewropa Bileleşigine çenli medeni syýahat» diýip atlandyrylýar.

Türkmenistan Bişkekde geçiriljek “ART-ORDO - 2023” IX teatr festiwalyna gatnaşar
19.09.2023
|18:43
|986
Gyrgyzystanyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň berýän habaryna görä, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Türkmenistan, Özbegistan we Türkiýe teatrlary “ART-ORDO - 2023” IX halkara teatr festiwalyna gatnaşarlar. Festiwal Gyrgyzystanyň Teatr işleri bileleşigi bilen bilelikde “TÜRKSOÝ” Halkara türk medeniýeti guramasynyň goldawy bilen forumy gurnaýar.

Ýerewanyň konserwatoriýasyna Nury Halmämmedowyň eserleri sowgat berildi
19.09.2023
|18:10
|1618
Taraplar şeýle hem iki ýurduň konserwatoriýalarynyň bilelikdäki konsertini guramak, taslamalary durmuşa geçirmek we türkmen we ermeni saz sungaty boýunça ylmy maslahaty geçirmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Pakistan ministri bilelikde film düşürmegi türkmen tarapyna teklip etdi
19.09.2023
|01:59
|1552
Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň milli miras we medeniýet federal ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Jamal Şah bilen 18-nji sentýabrda duşuşdy.