2025-nji ýylyň 3–4-nji iýulynda Hankendi şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 17-nji sammiti geçirildi
04.07.2025 | 18:30 |2025-nji ýylyň 3–4-nji iýulynda Hankendi şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Alyýewiň ýolbaşçylygynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 17-nji sammiti geçirildi. Bu çäre Azerbaýjanyň sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we durnukly ösüşe ýardam etmäge ygrarlydygynyň subutnamasy boldy.
Sammit «YHG-niň ygtybarly we howa şertlerine durnukly geljegi üçin täze garaýyş» şygary bilen geçirildi we 1–4-nji iýul aralygynda Karabagyň dürli şäherlerinde guralan YHG hepdeliginiñ jemleýji wakasy boldy.
Sammite YHG-a agza ýurtlarynyň döwlet we hökümet baştutanlary, şeýle hem gurama degişli on ýurduň ministrleri gatnaşdy. Mundan başga-da, YHG-na gözegçi ýurtlarynyň wekilleri, şol sanda Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyñ we Türki Döwletleriniň Guramasynyñ wekilleri hem gatnaşdylar. Şeýle hem, Nigeriýadan we Birleşen Arap Emirliklerinden ýörite myhmanlar, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şol sanda D8, SVMDA, UNESCAP, TRACECA, ITF guramalarynyň baş sekretarlary we BMG-niň baş sekretarynyň orunbasary dagy gatnaşdylar.
Şeýle-de, sammite YHG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we onuň düzümindäki guramalar hem gatnaşdylar: YHG-niñ Söwda we Ösüş Banky, YHG-niñ Medeniýet Instituty, YHG-niñ Bilim Instituty, YHG-niñ Ylmy Gaznasy, YHG-niñ Tohumçylyk Birleşigi we YHG-a agza ýurtlarynyň Parlament Assambleýasy (PAECO).
YHG-niñ ýolbaşçylary sebitleýin hyzmatdaşlygy, esasan hem söwda, ulag we sanly ulgamda baglanyşyk, şeýle hem “ýaşyl” transformasiýa ugurlarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny aýtdylar. Durnukly ösüş Maksatlaryna ýetmegiň ähmiýeti we YHG-niñ çäklerinde möhüm ugurlar bolan syýahatçylyk, energetika, ylym, bilim we medeni alyş-çalyş ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň zerurlygy aýratyn nygtaldy. Bu ugurlar sebitleýin özara düşünişmegi, innowasiýalaryň ösmegini we inklýuziw ösüşi üpjün etmek üçin möhüm hasaplanýar.
Sammitiñ çäginde gyzyklanma bildirýän taraplaryñ gatnaşmagynda birnäçe forumlar hem geçirildi. 1-nji iýulda Agdam şäherinde «Durnukly we howa taýdan durnukly geljegi gurmakda ýaşlaryň ornuny berkitmek» tema bilen YHG-niñ Ýaşlar forumy geçirildi.
2-nji iýulda Laçynda şol bir temada, emma zenanlaryň ornuna gönükdirilen YHG-niñ Zenanlar forumy geçirildi. Şol gün Fizulide «YHG sebitinde durnukly ösüşi gazanmak üçin maýa goýumlaryna we söwda ýardam bermek» tema bilen YHG-niñ VI işewürlik-forumy geçirildi. Bu forumda işewür ýolbaşçylar we maýadarlar ýygnandylar. YHG hepdeliginde beýan edilen pikirler we netijeler guramanyň «Ykdysady hyzmatdaşlygyň Strategik Maksatlary – 2035» atly täze strategik resminamasy üçin esas bolup hyzmat eder.
YHG-niň 17-nji sammiti agza ýurtlaryň durnukly ykdysady ösüşe, sebitleýin integrasiýanyň çuňlaşmagyna we inklýuziw ösüşe bolan umumy islegini tassyklaýan möhüm platforma boldy. Sammitiň dowamynda möhüm waka bolup geçdi: Gazagystan Respublikasy, Bakuda ýerleşýän YHG-niñ Arassa Energiýa Merkeziniň Tertipnamasyna gol çekdi.
YHG-niñ indiki sammiti 2027-nji ýylda geçiriler we ony EýranYslam Respublikasynyň kabul edip, sebitleýin hyzmatdaşlygyň we gülläp ösüşiň dowam etdirilmegine gönükdiriler.
ORIENT