Hytaý Tibet üçin rekord gidroturbinasyny döretdi
04.07.2025 | 15:10 |Harbin Electric hytaý kompaniýasy Tibetdäki elektrik stansiýasy üçin özboluşly gidroturbinasyny döretdi. Dört ýylyň içinde gurlan bu desga 88 tonna agramy we 6 m-den gowrak diametri bilen, 500 MWt çenli energiýa çykaryp bilýän dünýäniň iň kuwwatly enjamy bolar. Stansiýada şeýle enjamyň ikisi gurnalar.
Turbina, takmynan, 700 m belentlikden aşak dökülýän suwuň güýjüni ulanýar. Ol 21 sany perilere uly güýç bilen urýar. Takyk hasaplamalaryň we aýratyn berk materiallaryň netijesinde desganyň netijeliligi 92,6 % ýetýär. Munuň özi ýylda 4 mlrd kWt/s goşmaça energiýany generirlemäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa 4 mln tonna kömürturşy gazyň zyňyndylarynyň azaldylmagyna deňdir.
Taslama Hytaýyň arassa energetikany ösdürmek boýunça gerimli maksatnamasynyň bölegidir. Turbina dolulygyna ýerli materiallardan taýýarlandy. Stansiýanyň işe girizilmegi 2028-nji ýyla meýilleşdirildi.
Hytaý energiýany saklamak üçin gidro usulda akkumulirleýän ulgamlary işjeň ösdürýär. Ýurt 2030-njy ýyla çenli gaýdatan dikeldilýän çeşmelerden 1200 GWt çenli energiýany almaga hem-de ulgamy durnuklaşdyrmak üçin şeýle GES-lary ulanmak bilen, 2060-njy ýyla çenli dolulygyna uglerod bitaraplygyna geçmegi meýilleşdirýär.
ORIENT