Medeniýet

Sungata eliňi çalaja degirmek: Ermitažda ellenip bolýan eksponatlar görkezildi
19.09.2023
|00:39
|1062
Sankt-Peterburgyň Döwlet Ermitažynda seýrek duş gelýän eksponatlaryň ellenip bolýan nusgalary görkezildi. Muzeýe gelýänler indi dünýä meşhur eserleriniň nusgalaryna ellerini degirip bilerler diýip, «MIR 24»-iň habar berýär.

Türkmen kinostudiýasy Eýranda Magtymguly barada filmi surata düşürip başlady
18.09.2023
|23:00
|1761
Türkmen kinomatografistleri Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragy hakda dokumental filmi surata düşürmegi dowam etdirmek üçin Eýrana geldiler. «Türkmenfilm» birleşiginiň film toparlary eýýäm Russiýada (Astrahan we Moskwa), Azerbaýjanda we Türkiýede geljek film üçin zerur materiallary surata düşürdiler. Film indiki ýyl şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna ekranlara çykar.

Türkmen drama teatry Gazagystandaky festiwala gatnaşar
18.09.2023
|21:33
|1597
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry, «Magtymguly Pyragy» eseri bilen Gazagystanyň Halk artisti Biken Rimowanyň 100 ýyllygyna bagyşlanan I «Biken» halkara teatr festiwalyna gatnaşar.

Kinorežissýor Sahysalyh Baýramow daşary ýurtlarda geçiriljek iki sany halkara film festiwalynyň emin agzalygyna goşuldy
18.09.2023
|19:18
|1719
Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň müdiri Sahysalyh Baýramow ýakyn günlerde Özbegistanda we Azerbaýjanda geçiriljek iki sany halkara film festiwalynyň emin agzalarynyň hataryna goşuldy.

Türkmenistanyň Ýüpek ýolunyň ugrundaky ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi
18.09.2023
|10:49
|2221
Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň “Ýüpek ýoly: Zerewşan – Garagum geçelgesi” atly özünde 31 sany taryhy ýadygärligi jemleýän hödürnama toplumy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Merkezi Aziýanyň durmuşy we medeniýeti Moskwanyň Gyzyl meýdançasynda guralan sergide tanyşdyrylýar
16.09.2023
|16:33
|1266
Moskwa şäheriniň merkezi Gyzyl meýdançada ýerleşýän Baş ählumumy magazinde (GUM) "Ýüpek ýoly" atly sergi geçirilýär. Onda şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary Merkezi Aziýa halklarynyň medeniýeti we däp-dessurlary bilen ýakyndan tanşyp bilýärler.

Astanadaky kitap festiwalynda türkmen pawiliony ünsi özüne çekdi
16.09.2023
|15:04
|1831
Gazagystanyň paýtagtynda dürli ýurtlardan neşirýatçylary, ýazyjylary we okyjylary ýygnan Kitaptime halkara kitap festiwaly geçirildi. Festiwala, türkmen medeniýeti we gazananlary barada ajaýyp täze kitaplary hödürlän Türkmenistanyň Astanadaky ilçihanasy gatnaşdy.

Türkmen kinematograflary Şuşa şäherindäki Gorkut Ata festiwalyna gatnaşarlar
16.09.2023
|13:57
|879
Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde “Gorkut Ata” Halkara medeniýet we sungat festiwaly şeýle hem, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we TÜRKSOÝ-yň kinorežissiorlarynyň gatnaşmagynda kino forumy geçiriler. 8-nji oktýabrdan 12-nji oktýabr aralygynda 2023-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty bolan Şuşa şäheri döredijilik platformasyna we dünýäniň dürli künjeklerinden kino öndürijileriniň iň gowy filmlerini görkezjek uly kinoteatr zalyna öwrüler.

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy gysga film bäsleşigini yglan edýär
16.09.2023
|13:22
|924
Her ýyl 15-nji sentýabrda bellenilýän ITEC (Hindi tehniki we ykdysady hyzmatdaşlygy) güni mynasybetli Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ITEC uçurymlaryny gysga film bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.

2 türkmen filmi Daşkentde geçiriljek film festiwalynyň çäklerindäki bäsleşige gatnaşar
15.09.2023
|20:19
|1364
29-njy sentýabr – 2-nji oktýabr aralygynda Özbegistanyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde “Ýüpek ýolunyň merjeni” atly 15-nji Halkara film festiwaly geçiriler. Oňa dünýäniň 30-a golaý ýurdundan kinematografiýaçylar gatnaşar.