Iň täze habarlar

Türkmen dogramasy Hytaýda geçirilen halkara festiwalyň iň gowy tagamy diýlip yglan edildi

24.09.2023 | 10:46 |
 Türkmen dogramasy Hytaýda geçirilen halkara festiwalyň iň gowy tagamy diýlip yglan edildi

Pekiniň Ulag uniwersitetinde "Embrace The World, Embrace The Diversity" ady bilen halkara tagam festiwaly geçirildi. Onda ildeşlerimiz milli tagamlary myhmanlara hödürlediler. Jemi 34 döwletiň wekillerini ýygnan festiwalda dürli halklaryň milli tagamlary hödürlenip, medeni aýratynlyklary görkezildi.

650fca663af8a991225540.jpg

Çäräniň maksady milli aýratynlyklary görkezmekden we tanyşdyrmakdan ybarat boldy. Onda türkmen wekilleri türkmen milli tansy - küştdepdini ýerine ýetirip, çärä aýratyn öwçşgin çaýdylar. Festiwaly guraýjy mugallymlaryň gelen netijelerine görä, milli tagamymyz dograma festiwalyň iň gowy nygmaty diýlip yglan edildi.

650fca7f71c66748537777.jpg

Pekinde guralan çäre oňa gatnaşyjylarda ýartyn täsir galdyryp, dürli halklaryň medeni dürlüligi bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döretdi.

650fca9c0a1d7357506794.jpg

ORIENT news

Foto: Pekiniň Ulag uniwersiteti

Şeýle hem okaň: