Iň täze habarlar

Pakistan ministri bilelikde film düşürmegi türkmen tarapyna teklip etdi

19.09.2023 | 01:59 |
 Pakistan ministri bilelikde film düşürmegi türkmen tarapyna teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň milli miras we medeniýet federal ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Jamal Şah bilen 18-nji sentýabrda duşuşdy. Onda iki ýurduň arasynda medeni aragatnaşygy ýola goýmaga aýratyn üns berildi. Bu barada “Associated Press of Pakistan” habar berýär.

Taraplar medeni miras babatda gatnaşyklary pugtalandyrmaga we dürli ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Jamal Şah halk diplomatiýasyny ösdürmek üçin sungatyň dürli ugurlarynda bar bolan kuwwatlyklary nygtap, halklary ýakynlaşdyrmak üçin bilelikde film önümçiligini ýola goýmagy teklip etdi.

Mundan başga-da, Merkezi Aziýa döwletleri Hytaý – Pakistan ykdysady geçelgesiniň medeni kerweniniň ikinji tapgyryna gatnaşmaga ýörite çagyryldy. Türkmen ilçisi we pakistan ministri özara gyzyklanma bildirýän medeni alyşmalaryň çäklerinde gepleşikler dowam etdirmegi ylalaşdylar.

ORIENT news

Foto: app.com.pk

Şeýle hem okaň: