Iň täze habarlar

Aşgabatda fransuz kinosy görkeziler

22.09.2023 | 18:01 |
 Aşgabatda fransuz kinosy görkeziler

Aşgabatdaky Fransuz institutynda "Eldegrilmesiz" ("Intouchables") atly fransuz kinosynyň görkezilişi geçiriler. Bu film rus dilli tomaşaçylaryň arasynda "1+1" ady bilen tanalýar. Şu gün - 23-nji sentýabrda, sagat 14:00-da görkeziljek kino ýazgyly terjimesiz (subtitrsiz) görkezilýär.

"1+1" komediýa dramasy 2011-nji ýylda surata düşürildi. Ol durmuşda bolan hakyky wakalara esaslanýar. Ondaky gahryman baý aristokrat Filip duýdansyz bolan wakada agyr şikes alyp, maýyplaryň oturgyjynda gezmeli bolýar. Ol özüne kömekçi hökmünde ýanyna düzgün bozujy Drissany ýanyna alýar. Bu rollary janlandyran Fransua Klýuze we Omar Si aktýorçylyk işi üçin "Sezar" baýragyna mynasyp bolýarlar.

Bu film BAFTA-nyň we "Altyn Globusyň" "Daşary ýurt dilindäki iň gowy film" adyna hem eýe bolýar.

ORIENT news

Foto: Fransuz instituty

Şeýle hem okaň: