Latest news

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen-Mary bölüminiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

18.04.2024 | 02:55 |
 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow  ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen-Mary bölüminiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

17-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu iri ulag taslamasy söwda ýük akymlarynyň kartasynyň üstüni täze amatly ugur bilen ýetirer we Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçişleriň wagtyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz çarşenbe güni ir bilen Mara geldi we ol ýerden dikuçarda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň başlanýan ýerine geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlaryň öňünde çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyry – Aşgabat – Tejen böleginiň 2021-nji ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulanmaga berilendigini belledi.

Umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly Ahal we Mary welaýatlarynyň çäginden geçip, Aşgabady Lebap welaýaty bilen baglanyşdyrar hem-de ýolagçylaryň we ýükleriň ýokary tizlikli daşalmagyny üpjün eder.

2 (2).jpg

“Biz geljekde-de, ýurdumyzda awtomobil ýollarynyň gurulmagy, döwrebaplaşdyrylmagy, halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi boýunça netijeli işleri dowam etdireris” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şol gün Mary şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň hem-de 59 sany iki gatly kottejlerden ybarat ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyp ulanylmaga berilýändigini, şeýle hem Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň sowgat hökmünde 200-e golaý täze awtobuslaryň beriljekdigini aýtdy.

Soňra dabarada halkara düzümleriniň wekilleri çykyş etdiler we Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen-Mary böleginiň gurluşygynyň ýokary hilini tassyklaýan güwänamalary gowşurdylar. Şolaryň hatarynda Ýaponiýanyň «NEC Telekommunikasion Ltd.» kompaniýasynyň Ankaradaky (Türkiýe Respublikasy) şahamçasynyň “Ýokary tizlikli awtomobil ýoluna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy üçin” atly halkara güwänamasy, Fransiýanyň «Grenobloise D’Electronique et D’Automatismes (GEA)» kompaniýasynyň «Ýokary tizlikli ýoluň wideo gözegçiliginiň hem-de töleg ulgamlarynyň ýokary standartlara laýyk gelýändigi üçin» atly halkara güwänamasy, Awstriýanyň «Vienna Consulting Engineers ZT GmbH (VCE)» kompaniýasynyň, «Ýokary tizlikli ýoluň gurluşyk işleriniň Ýewropanyň tehniki tassyklama boýunça gollanmalaryna we standartlaryna laýyk gelýändigi», «Ýokary tizlikli ýoluň hil gözegçiliginiň ISO 9001 standartlaryna laýyk gelýändigi» hem-de «Ýokary tizlikli ýoluň RAA 2008, RAL 2012 ýol gurluşygynyň metodiki gollanma taslamalaryna laýyk gelýändigi» barada halkara güwänamalary bar.

Hormatly Prezidentimiz awtoulaga münüp, ýokary tizlikli awtomobil ýoly boýunça ýangyç guýujy bekede we ýolagçylara hyzmat etmek üçin düşelgä baryp gördi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde işgärleriň netijeli işlemegi üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.

3 (2).jpg

Ýokary tizlikli täze awtomobil ýoly alty hereket zolagyndan ybaratdyr. Onuň ýer düşeginiň giňligi 34,5 metr, ýol hereket böleginiň giňligi, her tarapda 11,25 metr, her hereket zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metrdir. Munuň özi tehniki görkezijiler babatda dünýäde şeýle desgalara bildirilýän talaplara laýyk gelýär.

Ýol düzümi iň ýokary ülňüleri hasaba almak bilen abadanlaşdyryldy. Onuň ugrunda awtoduralgalar, sürüjiler we ýolagçylar üçin dynç alyş ýerleri, dükanlar, kafeler, ýangyç guýujy beketler we beýleki desgalar guruldy. Awtomobil ýolunyň düzüminde gözegçilik enjamlary bilen üpjün edilen ýol hereketine gözegçiligi amala aşyrýan gullugyň, tehniki we ýol hyzmat gulluklarynyň nokatlary göz öňünde tutulandyr.

Ulag akymy barada ähli maglumatlary toplaýan, ýatda saklaýan we ýol gözegçilik gullugyna geçirýän üznüksiz ýörite wideogözegçilik ulgamy arkaly dolandyrylýar. Bu ýere meteorologiýa bekedinden ýoluň çyglylygy, görnüş aralygy baradaky we beýleki maglumatlar hem iberilýär.

4.jpg

Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň bu bölegini gurmak we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak işleri «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy esasynda «Altyn nesil» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy.

Uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň gurluşygy üç -- Aşgabat – Tejen (203 kilometr), Tejen – Mary (109 kilometr) we Mary – Türkmenabat (288 kilometr) tapgyrda amala aşyrylýar.

ORIENT news

Photo: tdh.gov.tm

Read also: