Iň täze habarlar

Saýlawlar gurnaýjylaryň gözleri bilen: ýylyň esasy syýasy wakasynda mugallymlaryň orny barada

27.03.2023 | 15:59 |
 Saýlawlar gurnaýjylaryň gözleri bilen: ýylyň esasy syýasy wakasynda mugallymlaryň orny barada
 Saýlawlar gurnaýjylaryň gözleri bilen: ýylyň esasy syýasy wakasynda mugallymlaryň orny barada
 Saýlawlar gurnaýjylaryň gözleri bilen: ýylyň esasy syýasy wakasynda mugallymlaryň orny barada
 Saýlawlar gurnaýjylaryň gözleri bilen: ýylyň esasy syýasy wakasynda mugallymlaryň orny barada
 Saýlawlar gurnaýjylaryň gözleri bilen: ýylyň esasy syýasy wakasynda mugallymlaryň orny barada

Düýnki gün diňe bir şu ýylky däl, eýsem ýurduň taryhyndaky ähmiýetli günleriň biri boldy. 26-njy martda Türkmenistanyň milli parlamentine deputatlaryň saýlawlary geçdi. Hut olar ýakyn geljekdäki bäş ýylda döwlet häkimiýetiniň esasy kanun çykaryjy edarasynyň nähili bolmalydygyny kesgitlärler.

Bu güne hemmeler taýýardy, aýratynam, gönüden-göni saýlawçy bilen işleşýänler – tutuş ýurt boýunça uçastok saýlaw toparlarynyň müňlerçe agzasy. Ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, orta mekdepleriň mugallymlary uçastok saýlaw toparynyň agzasy boldular. 2644 uçastogyň 80%-den gowragynyň bilim pudagynyň edaralarynyň çäklerinde açylandygyny belläp geçmelidiris.

Saýlawlar şol sanda Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ylmy kollektiwine hem degip geçdi. Saýlawlarda wagyzçybolmak bilen, men dalaşgärleriň arasyndaky demokratik «göreşe» çümüp gitdim.

Saýlaw toparynyň agzasy bolmak örän jogapkärli: bu ýerde ileri tutulýan zat – saýlawçylary öz raýatlyk borjuny ýerine ýetirmäge oýandyrjak çenden aşa bitaraplyk we işjeňlik. Meniň özümem bu işde hakyky kämil hünärmen bolanymy bilmän galypdyryn.

Men uly bolmadyk «derňew» geçirmekligi karar etdim, onuň barşynda men saýlawlaryň näderejede aýdyň geçýändigini bilmek isledim. Ol uzak iki aýa çekdi we boş geçmedi: biziň saýlaw uçastogymyzdakylaryň ählisi Türkmenistanyň kanunçylygy, hukuk we döwlet gurluşy babatynda bilimini baýlaşdyrdylar

Saýlaw kampaniýasynyň başynda, haçanda resmi metbugat dalaşgärleriň sanawyny çap edende, okuw mekdebiniň diwarlarynyň aňyrsynda saýlawçylaryň sanawyny düzmek boýunça depginli iş gidýärdi. Men munuň nähili agyr işdigine üns berdim. Nätakyklygyň bardygyny bilmek üçin sanaw birnäçe gezek barlanylýar we diňe şondan soňra uçastok topary tarapyndan tassyklanýar. Bu şol bir adamyň gaýta ses bermegi arkaly saýlawlaryň galplaşdyrmak usulyndan gaça durulmak üçin edilýän ekeni.

Sanawa soňky üç aýyň dowamynda Türkmenistanyň çäklerinde ýaşaýan we 18 ýaşyna ýeten raýatlar girizilýär. Haýsydyr bir wagt, eger-de bu iş çylşyrymly bolsa, hökman ýalňyş gitjekdigine men düşündim we,degişlilikde, topar kimdir birini hasaba alman biler. Ýöne saýlaw topary kimdir birniň «ýatdan çykarylyp»bilinjekdigini, ýagny sanawda görkezilmän bilinjekdigini göz öňünde tutupdy, şol sebäpli uçastogyň sekretary we başlygy görkezilen resminamanyň esasynda saýlawçyny sanawa goşmaga taýýarlyk gördüler.

Saýlawlara 15 gün galanda eýýäm ähli sanawlar taýýardy we bize olar bilen tanyşmak galdy. Näme has geň galdyrdy diýlende — bu tagallalarymyzyň biderekbolmandygydy: sanawa goşulmandygy barada şikaýat eden hiç bir saýlawçy bolmady — topar olaryň ählisini boşluksyz girizipdir. Saýlawlara 30 gün galanda biz nobatçylygyň rejenamasyny düzdük, onuň dowamynda saýlawçylaryň ýüz tutmalaryny, arz-şikaýatlaryny ýa-da belliklerini kabul etmäge taýýardyk. Bu ýerde hemmeler berklige bolan barlagdan geçdiler: hatda dynç günleri hem toparyň agzalary hüşgär boldular. Hemmeler 26-njy marta garaşýardylar.

Soňra býülletenleriň çap edilmegi başlandy. Ol, belli bolşy ýaly, döwlet çaphanasynda çap edilýär. Şunda, mälim bolşy ýaly, olary gerekli mukdardan 2% köp çykarýan ekenler.

Saýlawlara 10 gün galanda, gutulardaky çap edilen býülletenler saýlaw uçastoklarynyň çägine getirilýär. Olara gol çekmek we hilini barlamak başlandy. Ählisi diňe hili gaýtadan barlanandan soňra resmi taýdan möhür bilen berkidilýär, şol sanda resminamanyň daşalmagy bolup geçýär.

Soňra kabinalar we ses bermek üçin gutular geldi. Getirilen zatlary ýerli ýerinde goýmagy öňünden meýilleşdirip, biz toparyň agzalarynyň özüniň ýerleşjek ýerini saýladyk. Ýöne hemme zat ýönekeý däl: ähli infrastrukturanyň ýerleşdirilişi öňünden kesgitlenen we reglamentlenendi. Sebäbi saýlaw gutulary ses berýänleriň kabinanyň üstünden geçerleri ýaly edilip, toparyň agzalarynyň we synçylaryň bolsa olary görer ýaly edilip ýerleşdirilipdi.

Ilkinji saýlawçylary biz wagtyndan öň ses bermede, saýlawlara 10 gün galanda kabul etdik.

Düýn bolsa adamlar tutuş maşgala bolup, dalaşgärleriň birine ses bermäge geldiler. Ses bermegiň ýapylýandygy baradaky bildirişden soňra gutulary açyp başladyk. Hasaplamak berkdi, reglamentleşdirilmedik bellikleri bolan býülletenleriň dalaşgärleriň haýsydyr biriniň üýşmegine düşmäge haky ýokdy.

Sanawlardan soňra ses berenleriň sany we dalaşgärler üçin berlen sesleriň sany barada jemleýji maglumatlary öz içine alýan ahyrky teswirnamany düzmek başlandy. Diňe şondan soňra toparyň ähli agzalary biziň uçastogymyzdaky saýlawlaryň netijesini tassyklap, öz gollaryny goýdular. Özümiň göni gatnaşmagymda geçen saýlawlaryň arassalygyna ynamly bolup, men hem öz golumy goýdum.

Bahargül Aşyrowa
D. Azady adyndaky TMDDI-nyň mugallymy

Foto: awtoryňky

Şeýle hem okaň: