Türkmenistan Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysyny Aşgabatdaky Parahatçylyk forumyna çagyrdy
23.05.2025 | 00:22 |Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanow Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň diplomatik geňeşçisi Elizabette Bellonina türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hanym Ursula fon der Lýaýenyň adyna iberilen çakylyk hatyny gowşurdy. Forum 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriler.
Duşuşygyň dowamynda öňde boljak çäräniň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagat gelýändigi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli geçiriljekdigi nygtaldy. Onuň maksady – umumy parahatçylygyny, durnuklylygy we ynanyşmagy berkitmek boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmekden ybaratdyr.
Taraplar, şeýle hem, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar we esasanam ÝB bilen Merkezi Aziýanyň Daşary işler ministrleriniň ýubileý duşuşygyndan we “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki birinji sammitinden soň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň depginli ösüşini bellediler. Ilçi Pälwanow ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini aýtdy.
Türkmen tarapy, ÝB bilen energetika, ulag, möhüm çig mal serişdeleri, bilim we ylmy-tehniki alyş-çalyş ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, sebit we ählumumy gün tertibindäki möhüm meseleler boýunça dialogy geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.
Iki tarap hem ykdysadyýet we ynsanperwer gatnaşyklardan başlap daşky gurşawy goramak ýaly giň ugurlarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini, şol bir wagtyň özünde durnukly ösüşi we halkara parahatçylygy goramak boýunça umumy tagallalara ygrarlydyklaryny tassykladylar.
ORIENT