Iň täze habarlar

Wladimir Putin Oleg Kononenko orden gowşurdy

23.05.2025 | 00:47 |
 Wladimir Putin Oleg Kononenko orden gowşurdy

Döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy Kremliň Ýekaterina zalynda geçirildi. Wladimir Putin Russiýanyň we Türkmenistanyň Gahrymany “Roskosmosyň” kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko “I derejeli Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” diýen orden gowşuryldy.

Rus lideri görnükli raýatlary hormatlamak däbiniň, zehininiň, zähmetiniň we döredijilik üstünlikleriniň jemgyýet tarapyndan ykrar edilmeginiň subutnamasydygyny aýtdy.

“Bu ýerde, Kremlde – biziň ýyldyz kosmonawtlar toparymyzyň wekilleri bar. Siziň işiňiz – bu häzirki zaman gözlegler üstünlikli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ylham berýär we elbetde bu çagyryşlar, töwekgelçilikli, çynlakaý synaglardyr” – diýip, dabary çärede Wladimir Putin aýtdy.

Ordeni eýe bolan Oleg Kononenko, bu sylagyň “diňe bir şahsy işiň ykrar edilmegi bilen çäklenmän, eýsem raketa-kosmos senagatynda müňlerçe adamyň işine we tagallalaryna uly hormat goýmagyň nyşanydygyny” – diýip belledi.

vladimir-putin-orden-oleg-kononenko (4).jpg

"Ýurdumyzyň dolandyrylýan kosmonawtikasynyň ösmegine, Ýeriň daşyndaky synaglary we dürli tehnologiki işleri geçirmäge goşant goşýandygyma buýsanýaryn” – diýip, biziň ildşimiz belledi.

Belläp geçsek, bäşinji uçuşynda Oleg Kononenko adamyň kosmosda bolmagynyň umumy dowamlylygy boýunça rekord goýdy. Onuň netijesi 1110 gün, 14 sagat 57 minut boldy.

Kremldäki duşuşykda ýokary sylaga – Russiýa Gahrymany Ýyldyzyna we “Russiýa Federasiýasynyň pilot-kosmonawty” diýen hormatly ada – Oleg Kononenkonyň kärdeşi Nikolaý Çub hem mynasyp boldy. Ol şol rekord derejeli uçuş wagtynda ildeşimiz bilen orbitada işläpdi.

vladimir-putin-orden-oleg-kononenko (1).jpg

Ýuriý Gagariniň adyny göterýän Kosmonawtlary taýýarlaýan okuw merkezinde geçirilen uçuşdan soňky geçirilen maslahatda iki kosmonawt hem ilkinji bolup Türkmenistandan ýaş suratkeş Batyr Soltanowyň Oleg Kononenkonyň portretini çeken işine ýokary baha berdiler. Olara “Sungatyň çatrygy” atly özboluşly halkara medeni taslamanyň çäginde döredilen surat örän ýarady.

Şonda, metbugat maslahatynda, kosmonawtlar, “Roskosmasyň” “Mekdep okuwçylary üçin kosmos bilimi” atly Bütinrussiýa bäsleşiginde sylagyna mynasyp bolan Ivanowo şäheriniň, 23-nji gimnaziýada hereket edýän “#23ýol” meda merkeziniň okuwçylarynyň, berýän sowallarymyza jogap berdiler. maňada bu sowaly bilelikde bermek bagty meýesser etdi. Biz gahrymanlardan, uçuşdan soň näme arzuw edýänlerini soradyk?

Oleg Kononenkonyň jogaby öňünden pikir edimişiz ýaly boldy.

“Men orginal bolmaryn: täzeden uçmak!” – diýip ildeşimiz aýtdy.

Şolar ýaly arzuw, Nikolaý Çubda bar eken, onuň üçin Halkara kosmos stansiýasyna uçuşy birinji gezek bolupdy.

Biziň gahrymanlarymyzyň täze uçuşlaryna we ýurtlarymyzyň dostlugyny güýçlendirýän täze döredijilik taslamalaryna garaşarys. Hatda iň ýönekeý adamlara ýyldyzlara ýetmäge mümkinçilik berýärler!

Ýeri gelende aýtsak, Iwanowodaky 23-nji gimnaziýanyň media merkezi Kirowda geçirilen Halkara ýaşlar “Siolkowskiý okaýşy” Oleg Kononenkonyň we Batyr Soltanowyň arzuwlary baradaky hekaýany hödürlemegi başardy.

vladimir-putin-orden-oleg-kononenko (3).jpg

Bu ýerde biz ýaş suratkeş üçin birnäçe sowgatlary aldyk – kosmonawt synagçysy, Kosmonawt okuw merkezinde geljegi uly ulag gämileri üçin çylşyrymly simulýatorlary döretmek bölüminiň müdiri Oleg Blinow onuň üçin el ýazgysyny ýazdy, ol bize, eýýäm Oleg Kononenkonyň portretiniň Ýyldyzlar şäherçesinde şeýle hem kosmonawt Pýotr Dubrow we Konstantin Siolkowskiniň agtyklary tarapyndan tanalýandygyny aýtdy. Bu hakyky sowgatlaryň hemmesini biz hökman Aşgabatda Batyra bereris.

Leonid KIÝAŞKO, ORIENT-iň ýörite habarçysy,

Milletara žurnalistika gildiýasy, Iwanowo.ş, RF

Ýene-de tema boýunça

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Oleg Kononenko ýaş suratkeşden sowgat aldy

Oleg Kononenko HKS-da bolmagyň dowamlylygy boýunça täze rekord goýdy

Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy kosmonawt Oleg Kononenkony ýubleýi bilen gutlady

Oleg Kononenko taryhda kosmosda 1000 gün geçiren ilkinji adam boldy

Foto: Wladimir Gerdo, TASS

Şeýle hem okaň: