Iň täze habarlar

Azerbaýjanly deputat Käbäniň nusgasyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi

20.05.2025 | 21:45 |
 Azerbaýjanly deputat Käbäniň nusgasyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi

Azerbaýjanda Nahçiwan şäherindäki Ashabi-Kahf gowagynyň çäginde Mekkedäki Käbäniň takyk nusgasyny döretmek teklip edildi diýip, azerbaýjanly deputat Gudrat Gasanguliýewiň çykyşyna salgylanyp, Podrobno.uz habar berýär. Onuň aýtmagyna görä, Saud Arabystany her ýyl Käbäniň örtügini (kiswa) çalyşýar we könesini musulman ýurtlarynyň birine sowgat berýär.

Azerbaýjan dostlukly musulman ýurdy hökmünde şeýle örtügi almak haýyş bilen ýüzlenip bilerdi. Deputat Mekkedäki keramatly ýere diňe adamlaryň çäklendirilen sanynyň barmak mümkinçiligi barada aýdyp, öz başlangyjynyň maksadalaýyklylygyny berkitdi. Ashabi-Kahfdaky göz öňünde tutulýan täze Käbä bolsa ähli musulmanlar erkin ýagdaýda baryp bilerdi. “Şeýle ýagdaýda ähli musulmanlaryň täze Käbäniň içki bezeginiň nähilidigini görmäge we oňa barmaga mümkinçiligi bolardy. Biz täze Käbäni ähli musulmanlaryň arasynda giňden ýaýyp bileris” – diýip, deputat belledi.

Käbe – Mekkedäki dünýäniň iň uly metjidi bolan Masjid al-Haramyň içki howlusynda kub gurluş görnüşinde ýerleşýän musulmanlaryň esasy keramatly ýeridir. Bu Gurhanyň nesihatlaryna görä, haj döwründe zyýaratçylary bilrşedirýän esasy ýerleriň biridir. Käbe – musulmanlaryň agzybirliginiň nyşanydyr. Namaz wagty bütin dünýäniň musulmanlary Käbä tarap öwrülip durýarlar. Her ýyl dine ynanýanlaryň millionlarçasy Käbäniň daşynda aýlanmak, Safa we Marwa depeleriniň arasynda ylgap geçmek hem-de pygamberleriň namaz okan ýerlerinde namaz okamak üçin Mekkä haj parzyny amala aşyrýarlar.

Foto: Richard Mortel/flickr.com

Şeýle hem okaň: