Iň täze habarlar

Türk Riwýerasy: deňiz, çäge, güneş we başga-da köp gyzykly dynç alyş ýerleri

27.04.2023 | 15:04 |
 Türk Riwýerasy: deňiz, çäge, güneş we başga-da köp gyzykly dynç alyş ýerleri

Türk riwýerasy hökmünde meşhur bolan Türkiýäniň Ortaýer deňiz kenary her ýylda millionlarça ýerli we daşary ýurt syýahatçylaryny özüne çekýär, olar bu ýere tebigatyň, taryhyň we medeniýetiň ajaýyp utgaşmasyny görmek üçin gelýärler.

Bu sebit bütin dünýäde diňe bir owadan deňiz kenarlary, mylaýym güneşi we pöwrize reňkli deňzi bilen meşhur bolman, eýsem türk riwýerasy gyzykly dynç alşyň dürli görnüşlerini hödürleýär, ol syýahatdan islendik garaşylmalary kanagatlandyryp biler. Bu ýerde syýahatçylar çüýşe deýin gök öwüsýän deňziň ajaýyp tebigy gözelligini görerler, taryhy gadym eýýamlardan gaýdýan şäherler bilen, özboluşly aşhana däpleri bilen tanşarlar we pyýada syýahatçylykdan başlap daýwinge (suwuň aşagynda çümmäge) çenli dürli gezelençleri amala aşyrarlar.

Ortaýer deňziniň kenary hakynda gürrüň edilende biziň ýadymyza düşýän ilkinji şypahana — bu Türk riwýerasynyň merkezinde ýerleşen Antaliýadyr. Şäher Mawy baýdak bilen bellenen özüniň 229 suwa düşülýän kenary bilen bellidir, we rowaýata öwrülen taryhy gözel ýerleri bilen meşhurdyr. Bu şeýle hem sport ülkesidir.

Işjeň dynç almagy halaýanlar üçin Karain, Dim we Damlataş täsirli gowaklaryny barlamak ýarar. Antalýa welaýatynyň çäklerinde dünýädäki iň gyzykly ugurlaryň biri, şol sanda Likiýa ýodasy, Pisidiýa mirasy Ýodasy we Keramatly Paweliň ýoly geçýär. Antalýadaky Kaş etraby daýwing üçin dünýädäki 10 sany ajaýyp ýerleriň biri hasaplanýar. Paraglaýding we sportyň birnäçe suw görnüşleri bu etrapdaky iň meşhur dynç almalaryň biridir. Belek dünýä derejesindäki golf üçin öz meýdançasy bilen özüne çekýär.

Bir ädim sizi Köller ülkesine we bägül we lawanda baglaryna getirer.

Ortaýer deňiz basseýniniň köp sanly tebigat ajaýyplyklary bilen ünsüňi çekýän Türkiýäniň Köller ülkesiniň uly bolmadyk bölegi hem Antaliýadan uzak bolmadyk ýerde ýerleşýär. Afýonkarahisar, Antalýa, Burdur, Isparta we Konýa welaýatlarynyň araçäklerindäki we 16 kölüň, şol sanda Akşehiriň, Burduryň, Beýşehiriň, Eýrdiriň, Kowadanyň we Saldanyň çägini gurşap alýan sebit Travel + Leisure guramasy tarapyndan «2023-nji ýylda syýahat etmek üçin 50 sany iň gowy ýerleiň biri» diýlip atlandyryldy we baý medeni mirasyň welaýaty hökmünde atlandyryldy. Syýahatçylar Antalýa syýahat edenlerinde bu etraba baryp görüp bilerler we tektoniki köllerden we taryhy rim ýadygärliklerinden lezzet alyp bilerler.

Türkiýäde bägülleriň we lawandalaryň ösýän esasy sebiti, Isparta Köller ülkesinde ýerleşendir. Isparta Ortaýer deňziniň tebigy gözelligi bilen tanyşmak üçin dürli mümkinçilikleri hödürleýär. Tawr daglarynyň beýleki tarapyndaky mämişi reňkdäki lawandanyň ajaýyp şekiline syn ediň.

Ortaýer deňiz aşhanasy Türkiýädäki iň baý we dürli-dürli gastronomiki däpleriň biri hökmünde ünsüňi çekýär we del tagamlary söýüjiler bu ýerde özüne çekiji köp dürleri tapyp bilerler.

Balyk we deňiz önümleri organiki zeýtun ýagy bilen bişirilen gök önümler, etden ýakymly ys berijiler goşulyp bişirilen tagamlar bilen birlikde ortaýerdeňiz aşhanasynda görnükli ýeri eýeleýär. Restoranlar täze balykdan we etden bişirilen tantuni-kebap ýaly tagamlary, meşhur ýeňildamaklary— duzlanan skumbriýa we sogan hem-de süýjülikleri — ýanan doňdurma we künefe hödürleýärler.

ORIENT
Maglumat Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Foto: traveltimes.ru

Şeýle hem okaň: