Iň täze habarlar

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti «Back to school» çäresiniň çäginde çagalary goldady

24.08.2025 | 17:50 |
 Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti «Back to school» çäresiniň çäginde çagalary goldady

Awgust aýynyň 21-ne Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti ýerli jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde her ýyl geçirilýän «Back to school» (Mekdebe gaýdyp gelmek) atly çäresini gurady. Bu çäräniň çäginde 50 toplum mekdep esbaplary mümkinçilikleri çäklendirilen hem-de kyn durmuş ýagdaýynda ýaşaýan maşgalalaryň çagalaryna gowşuryldy. Bu olaryň täze okuw ýylyna taýýarlyk görmegine ýardam bermek maksadyny göz öňünde tutdy.

Bu çäre ÝB-niň wekiliýetiniň dördünji ýyl yzly-yzyna guraýan çärelerinden biridir. Bu bolsa onuň inklýuziw bilime ygrarlydygyny görkezýär. Ilçi Beata Peksa gowşurylan sowgatlary diňe bir mekdep esbaplary bolman, eýsem täze açyşlaryň we döredijiligiň gurallary hökmünde häsiýetlendirildi.

1

Maslahatyň çäginde sergi guraldy. Onda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň kitaplary görkezildi. Şeýle hem okuwçylaryň dürli bäsleşiklerde, olimpiadalarda we sport ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri hem-de milli amaly-haşam sungatynyň nusgalary görkezildi.

ORIENT

Foto: Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti

Şeýle hem okaň: