Aşgabatda «Näme? Nirede? Haçan?» ýaryşy geçirildi
08.05.2023 | 02:10 |Aşgabatda Halkara intellektual oýunlar birleşiginiň howandarlygynda we «Igra-TW» teleýaýlym kompaniýasynyň ygtyýarnamasy bilen «Näme? Nirede? Haçan?» oýnunyň sport boýunça bäsleşigi geçirildi.
Ýaryşa dürli ýaş kategoriýalarynyň: mekdep okuwçylaryndan we talyplardan başlap, eýýäm şeýle bäsleşiklere gatnaşan tejribeli ussatlara çenli wekilleri bolan 30-dan gowrak topar gatnaşdy.
Meşhur oýnuň sport görnüşiniň telewizorda görkezilýänden tapawudy, teletomaşaçylaryna garşy oýnaýan bir toparyň ýerine, oňa Türkmenistanyň dürli künjeklerinden biri-biri bilen bäsleşýän köp toparlar gatnaşýarlar.
Oýlanmak üçin bir minut, hersi 15 soragdan dört tapgyr bolup, intellektual gözden geçirilişde edebiýatyň, taryhyň, sportuň we beýleki ugurlaryň soraglary bar.
― Biziň sargydymyz boýunça soraglar şul oýny beýleki ýurtlarda: Russiýada, Gyrgyzystanda, Ermenistanda-da oýnaýan ussatlar tarapyndan işlenip düzüldi. Olar şeýle çäreler üçin hünär derejesinde yzygiderli soraglar ýazýarlar. Soraglaryň ugry taryhy, geografiýany, islendik pudagy öz içine alýan giň göwrümlidir, - diýip guramaçylaryň biri bolan Roman Bespalow ORIENT-iň habarçysyna gürrüň berdi. – Bu ýaryş hakda oýlananymyzda, birbarad hem ýaryşar ýaly, täze zat öwrener ýaly we bilimleriňizi paýlaşar ýaly çärelere gyzyklanma döretmek isledik.
Intellektual bäsleşigiň netijelerine görä, düzümi Roman Bespalowdan, Roman Teplýakowdan, Roman Magomedowdan, Daniil Maýakowskiden, Wladimir Mkrtumowdan we Ýelena Kuliýewadan ybarat bolan «Köne gwardiýa» topary ýeňiji boldy. Topar berlen 60 soragyň arasynda 31-ne dogry jogap berdi.
Ikinji orunda 29 soraga dogry jogap beren «Wa-Bank» topary ýerleşdi. Liderleriň üçlügini 28 sany dogry jogap bilen «Altyn Asyr» topary ýapdy.
Artur Petrosýans