Duşanbe şäheri GDA ýurtlarynyň opera we balet sungatynyň merkezine öwrüler
29.08.2023 | 20:43 |Medeniýet edaralarynyň arasynda tejribe alyşmak we eserleriň ýeke-täk maglumatlar binýadyny döretmek üçin GDA-da Opera we balet teatrlarynyň utgaşdyryjy geňeşi peýda bolar. Bu döredijilik taslamasy S. Aýniniň adyny göterýän Täjigistan akademiki opera we balet teatry tarapyndan başlandy we geňeş Duşanbe şäherinde açylar diýip teatryň metbugat gullugy habar berýär.
Degişli teklip Duşanbäniň Opera we balet teatrynyň müdiri tarapyndan Sankt-Peterburgda geçirilen GDA ýurtlarynyň "Akademiki sungat arkalaşygy" festiwal-simpoziumynda hödürlendi. Hasabatda: "Kärdeşler Täjigistan teatrynyň ideýasyny mähirli goldadylar we ony amaly we hukuk taýdan durmuşa geçirmäge başladylar" diýilýär.
GDA-nyň Opera we balet teatrlary geňeşi, Arkalaşygyň agza döwletleriniň aýdym-saz we teatr işlerinde hyzmatdaşlygy üçin esasy gurama öwrüler. Taslamanyň çäginde gatnaşyjylar özara tejribe alyşarlar we ýüze çykýan meseleleri derrew çözerler şeýle-de häzirki zaman aýdym-saz awtorlarynyň ýeke-täk elektron maglumat bazasyny dörederler.
2025-nji ýyla çenli dowam etjek geňeşe Täjigistan ýolbaşçylyk eder.
ORIENT news