Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanynda döredijilik çäresi geçirildi
28.08.2023 | 19:48 |Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanynda nusgawy şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
Paýtagt seýilgähinde meşhur artistler we aýdymçylar Pyragynyň we häzirki zaman şahyrlarynyň goşgularyna ýazylan aýdym-saz eserlerinden ybarat baýramçylyk maksatnamasyny hödürlediler. Bu çärä ýazyjylar we medeniýet işgärleri hem gatnaşdy. Olar öz çykyşlarynda ynsanperwerligi we watansöýüjiligi wagyz eden halk şahyrynyň edebi mirasynyň we döredijiliginiň dowamly gymmatyny aýratyn bellediler.
Şeýle hem, dabarada türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly täze goşgusy ýaňlandy.
“Magtymguly Pyragy – ebedi şahyr. Onuň şeýle meşhurlygyň sebäbi, eserleriniň hiç kimi biperwaý goýmaýanlygynda. Şahyryň döredijiligi aýratyn joşgunlylygy, çuňňur mazmuny, Watana, halkyna bolan söýgüsi bilen millionlarça okyjyny özüne çekýär” – diýip, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewa aýtdy.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik çäreleri dünýäniň beýleki ýurtlarynda - Azerbaýjanda, Russiýada, Özbegistanda, Türkiýede badalga aldy. 2024-nji ýylda giňden belleniljek beýik türkmen şahyrynyň 300 ýyllygy mynasybetli medeni merkezlerde, milli kitaphanalarda, ÝOM-lerde sergiler, ylmy maslahatlar, tegelek stollar we çekişmeler geçirilýär.
ORIENT news